Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy.
2Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi.
3Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. Ofel diwarynyň üstünde hem köp gurluşyk işlerini etdi.
4Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy.
5Ýotam ammonlaryň patyşasyna garşy urşup, olardan üstün çykdy. Ammonlar şol ýyl Ýotama ýüz ýetmiş batman kümüş, ýigrimi bäş müň çuwal bugdaý we on müň ölçeg arpa berdiler. Ammonlar oňa ikinji we üçünji ýylda ýene şonça mukdarda berdiler.
6Hudaýy Rebbiň öňünde wepalylygyny saklandygy üçin Ýotam kuwwatlandy.
7Ýotamyň beýleki işleri, ähli alyp baran uruşlary hem-de eden işleri Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
8Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi.
9Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.