Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Araňyzdakam kiçigöwünli, gaýybana bolsa size garşy batyr bolan Pawlus Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen sizden haýyş edýärin.
2Gelenimde, bizi dünýä ýollary boýunça gezýändir öýdýänleriň käbirlerine garşy oýlanýan niýetimde batyrlyk ulanmaly bolmaýyn diýip ýalbarýaryn.
3Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris.
4Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir.
5Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris.
6Mesihe bütinleý boýun bolan mahalyňyz, her bir boýun bolmazlygy jezalandyrmaga taýýardyrys.
7Göz öňündäkilere serediň. Kim özüniň Mesihiňkidigine ynamy bar bolsa, biziň hem özi ýaly Mesihiňkidigimiz hakda öz ýanyndan oýlansyn.
8Men Rebbiň bize sizi weýran etmek üçin däl-de, abat etmek üçin beren ygtyýaryna has köpräk öwünýän hem bolsam utanmaýaryn.
9Muny sizi öz hatlary bilen gorkuzjak bolýar diýmäň diýip edýärin.
10«Ol hatlarynda ýowuz hem güýçli, ýöne şahsy huzury ejiz, sözi dereksiz» diýýärler.
11Beýle adam muny bilsin: biz ýokkak hat arkaly sözde nähili bolsak, barkak amalda hem şeýlediris.
12Çünki biz özlerini maslahat berýänleriň käbirleri bilen özümizi bir tutmaga ýa-da deňemäge het edip bilmeýäris. Olar özlerini özleri bilen ölçäp, özlerini özleri bilen deňäp, pähimsiz bolýarlar.
13Emma biz hetdenaşa däl-de, siziň hetdiňize ýeter ýaly, Hudaýyň bize bellän iş meýdanynyň çägine görä magtanýarys.
14Siziň hetdiňize ýetmedik ýaly, öz hetdimizden aşmaýarys, çünki biz Mesihiň Hoş Habary bilen size-de ýetdik.
15Biz başganyň zähmeti bilen hetdenaşa magtanmaýarys.
16Emma Hoş Habary sizden aňyrrak-da wagyz edip, başganyň meýdanynda taýýar işler bilen magtanmaz ýaly, siziň imanyňyz ösdügiçe, biziň-de iş meýdanymyz has köp giňär diýen umydymyz bar.
17Ýöne magtanýan Reb bilen magtansyn.
18Çünki özüni maslahat berýän arzyly däl-de, Rebbiň maslahat berýäni arzylydyr.