Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Mukaddeslere gulluk etmek barada meniň size ýazmagymyň geregi ýok.
2Çünki ýardama bolan meýliňizi bilýärin, Ahaýa öten ýyldan bäri taýýar dur diýip, makedoniýalylaryň ýanynda siz hakda öwünýärin. Siziň yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.
3Biziň bu babatda siz hakda öwünmämiz biderek bolman, aýdyşym ýaly, taýýarlykly bolmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza iberýärin.
4Çünki makedoniýalylar meniň bilen gelip-de, siziň taýýar däldigiňizi görseler, biz ― siz diýmeýäris ― beýle ynamlylyk üçin utanja galarys.
5Şoňa görä hem menden öň ýanyňyza baryp, wada edilen peşgeşleriňizi öňden taýýarlamaklaryny doganlardan haýyş etmegi zerur bildim. Şeýlelikde, ol borçlulyk bilen däl-de, bir hakyky peşgeş hökmünde taýýarlanar.
6Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar.
7Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir.
8Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr.
9Şonuň ýaly hem: «Paýlap, garyplara berdi, Onuň dogrulygy baky galar» diýip ýazylgydyr.
10Ekýäne tohum, iýmäge çörek berýän Hudaý ekeniňizi hem boladyp artdyrar, dogrulygyňyzyň hasylyny ösdürer.
11Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder.
12Çünki bu hyzmaty ýerine ýetirmek diňe mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpelder.
13Bu gulluk netijesinde, olar siziň Mesihiň Hoş Habaryna bolan ykraryňyza baglydygyňyz üçin, olar bilen we hemmeler bilen malyňyzy paýlaşmakda görkezýän jomartlygyňyz üçin, Hudaýy şöhratlandyrar.
14Hudaýyň üstüňizdäki bol merhemeti üçin siz babatda doga edip, sizi küýsär.
15Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür!