Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Eý doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemetini size bildirýäris.
2Uly muşakgat synagynda olaryň şatlygynyň bollugy aýan boldy, olaryň aşa garyplygy sahylyklarynda çäksiz baýlyga öwrüldi.
3Olaryň öz ýagdaýlaryna görä hem-de ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edenlerine men güwä geçýärin.
4Olar bu haýyr işe, mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler.
5Hatda umyt edişimizden-de ýokary bolup, olar özlerini ilki Rebbe, soň-da Hudaýyň islegi bilen bize peşgeş etdiler.
6Şonuň üçin bu haýyr işi ozal nähili başlan bolsa, şeýle hem araňyzda bitirmegini biz Titusdan haýyş etdik.
7Imanda, sözde, bilimde, her hili gaýratda, bize bolan söýgiňizde, ähli zatda bolşuňyz ýaly, bu haýyr işde-de üstün boluň.
8Muny buýruk hökmünde däl-de, beýlekileriň gaýraty arkaly söýgiňiziň hakykylygyny synap aýdýaryn.
9Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýänsiňiz. Garyplygy bilen siz baýar ýaly, Ol baýka garyp boldy.
10Bu hakda men öz pikirimi aýdaýyn. Çünki bu siziň üçin peýdalydyr. Siz öten ýyldan bäri diňe etmekde däl-de, muny arzuwlamakda hem ilkinjilerdiňiz.
11Indi arzuwlamaga göwünjeň bolşuňyz ýaly, başardygyňyzdan, bu işiň bitmegi üçin, ony soňuna çenli alyp baryň.
12Çünki göwünjeňlik bar bolsa, adamyň ýoguna görä däl, baryna görä bermegi makuldyr.
13Biz başgalaryna ýeňil, size agyr bolmagyny islämzok, deňligi isleýäris.
14Olaryň hem artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar ýaly, şu wagt siziň artykmaç zadyňyz olaryň ýetmezini doldursyn.
15Şeýle, «Köp ýygnanyň artygy, az ýygnanyň hem kem zady bolmady» diýip ýazylyşy ýaly, deňlik bolar.
16Siz babatdaky şeýle yhlasy Titusyň ýüregine guýýan Hudaýa şükür!
17Çünki ol biziň haýyşymyza gulak asyp, köp yhlasly bolany üçin, öz islegi bilen siziň ýanyňyza gitdi.
18Biz Hoş Habarda bütin ýygnaklar tarapyndan taryplanýan dogany hem onuň bilen bile ýolladyk.
19Mundan başga-da ol dogan Rebbiň şöhraty üçin we biziň öz göwünjeňligimizi görkezmek üçin ýerine ýetirýän bu haýyr işimizde ýygnaklar tarapyndan bize ýoldaşlyk etmäge saýlandy.
20Biz gullugymyz bilen gazanylan bu gatanç hakda hiç kim bize garalyk ýapmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris.
21Çünki biz diňe bir Reb huzurynda däl, eýsem, adamlar huzurynda-da ýagşy işiň aladasyny edýäris.
22Yhlaslydygyny köp zatlarda telim gezek synan, indi hem size bolan uly ynamy arkaly has-da yhlasly bolan doganymyzy hem olar bilen ýolladyk.
23Titus hem meniň şägirdim, siziň araňyzdaky işdeşimdir. Doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň ilçileri, Mesihiň şöhratydyr.
24Indi söýgiňizi, siz hakdaky magtanjymyzy ýygnaklaryň gözüniň alnynda olara subut ediň.