Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Eý, söýgüli doganlar, bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň.
2Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kimi ynjadan däldiris, hiç kimi azdyran däldiris, hiç kimi ezen däldiris.
3Muny sizi ýazgarmak üçin aýtmaýaryn. Sebäbi bile ölüp, bile ýaşar ýaly, biziň ýüregimizdedigiňizi men ozal aýtdym.
4Size biçak ynanýaryn, size biçak guwanýaryn. Men teselliden doly, muşakgatymyz arasynda begenjim çäksiz.
5Çünki Makedoniýa gelenimizde-de, göwnümiziň ynjalygy bolman, her tarapdan gysylýardyk. Daşarda uruşlar, içimizde gorkular bardy.
6Emma pes göwünlileri ruhlandyrýan Hudaý Titusyň gelmegi bilen bize teselli berdi.
7Diňe onuň gelmegi bilen hem däl, siziň oňa eden teselliňiz bilen hem teselli tapdyk. Ol siziň küýsegiňizi, ýasyňyzy, maňa bolan yhlasyňyzy habar berende, has hem begendim.
8Çünki hatym bilen sizi gaýgylandyran bolsam hem ökünmeýärin. Ökünen bolsam-da ― çünki ol hatyň az wagt hem bolsa, sizi gaýgylandyranyny görýärin ― indi begenýärin.
9Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän, Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz.
10Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir.
11Bu gaýgyňyzyň Hudaýyň islegine görä bolmagy, gör, sizde nähili gaýrat, nähili ökünç, nähili gahar, nähili gorky, nähili küýseg, nähili yhlas, nähili adalata ymtylyş döretdi! Siz bu işde her taýdan tämizdigiňizi görkezdiňiz.
12Şeýlelikde, size ýazan hem bolsam, muny ynjydan üçin ýa-da ynjan üçin däl-de, bize bolan gaýratyňyzyň Hudaýyň huzurynda özüňize aýan bolmagy üçin ýazdym.
13Bular bize teselli berýär. Ýöne öz tesellimizden köp Titusyň şatlygyna begendik, çünki siziň baryňyz onuň göwnüni ynjaldypsyňyz.
14Çünki onuň ýanynda siz barada bir zat diýip öwünen bolsam hem, meni utandyrmadyňyz, gaýtam, biziň size hemme zady hakykatda aýdyşymyz ýaly, Titusyň garşysyndaky magtanjymyz hem hakykat boldy.
15Ol hemmäňiziň boýun bolanyny, ony gorky hem titreme bilen garşylanyňyzy ýatlanda, size bolan söýgüsi has-da artýar.
16Men her zatda size bil baglap biljegime begenýärin.