Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Biz Onuň bilen işdeşlik edip, Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys.
2Çünki Ol: «Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim» diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir.
3Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman,
4her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris: agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda,
5taýaklanmalarda, tussaglarda, aýaga galmalarda, azaplarda, ukusyzlyklarda, orazalarda;
6tämizlikde, bilimde, sabyrda, ýagşylykda, Mukaddes Ruhda, hilesiz söýgüde,
7Hakykat sözünde, Hudaýyň güýjünde, sagda hem çepde dogrulyk ýaraglary bilen,
8abraý we biabraýçylykda, betnamlyk we tarypda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde maslahat berýäris. Biz ýalançy hasaplansak-da, hakykaty sözleýändiris.
9Nätanyş ýaly bolsak-da meşhurdyrys; öli ýaly bolsak-da diridiris; jeza çeksek-de, öldürilen däldiris.
10Gaýgyly bolsak-da, hemişe şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zady ýok ýaly bolsak-da, ähli zada eýediris.
11Eý korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir.
12Sizden öz mährini aýaýan biz däl-de, bizden mährini aýaýan sizsiňiz.
13Muňa derek size öz balalarym hökmünde aýdýaryn, siz hem göwnüňizi giň tutuň.
14Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar?
15Mesihiň Belial bilen näme agzybirligi bar? Ýa-da imanlynyň imansyz bilen näme paýdaşlygy bar?
16Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar? Çünki siz diri Hudaýyň ybadathanasysyňyz; Hudaý bolsa: «Olaryň arasynda mekan tutup gezerin, Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar» diýipdir.
17Reb şeýle diýýär: «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin».
18Her zady başarýan Reb: «Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz» diýýär.