Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Çünki biziň bu dünewi öýümiz, bu çadyr weýran bolsa, Gökde Hudaýdan bir ymaratymyzyň, el bilen ýasalmadyk ebedi öýümiziň bardygyny bilýäris.
2Sebäbi Gökdäki mesgenimizi geýinmegi küýsäp, munda ah çekýäris.
3Ýöne geýinsek, ýalaňaç görünmeris.
4Çünki bu çadyrda bolýan biz ýük astynda ah çekýäris, sebäbi pany bolanlary ýaşaýyş ýuwutsyn diýip, ýalaňaçlanmak däl-de, geýinmek isleýäris.
5Hudaý bizi şunuň özi üçin taýýarlap, bize Ruhy hem girew berdi.
6Şeýlelikde, hemişe gaýratly bolup, tende mesgen tutýan wagtymyz Rebden uzakdadygymyzy bilýäris ―
7çünki biz didar arkaly däl-de, iman arkaly gezýäris.
8Gaýratly bolup, tenden aýrylmagy, Rebbiň ýanynda mesgen tutmagy gowy görýäris.
9Şonuň üçin bu tende ýaşasak-da, aýrylsak-da, Onuň pisindi oturjak adamlary bolmaga yhlas edýäris.
10Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bedendekäk öz edenlerimize laýyk almytymyzy almak üçin, hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde häzir bolmalydyrys.
11Şeýlelikde, biz Rebden gorkmagyň nämedigini bilýändigimiz üçin adamlary ynandyrýarys, ýöne Hudaýa aýandyrys, siziň ynsabyňyza-da aýandyrys diýen umydym bar.
12Biz ýene-de özümizi size maslahat bermeýäris, ýöne ýürek bilen däl-de, daşky görnüş bilen magtanýanlara aýdara gepiňiz bolar ýaly, size biziň bilen magtanmaga esas berýäris.
13Biz akylymyzy ýitiren bolsak, bu Hudaý üçindir, eger-de akylymyz başymyzda bolsa, siziň üçindir.
14Çünki Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär, sebäbi biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris.
15Ol ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi.
16Şonuň üçin biz mundan beýläk hiç kimi adam ölçeglerine görä tanamaýarys. Mesihi şeýle tanan hem bolsak, indi beýle tanamaýarys.
17Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr.
18Herki zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy, bize ýaraşdyrma gullugyny berdi.
19Ýagny Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy, ýazyklaryny hasaba alman, bize ýaraşdyrma sözüni berdi.
20Şeýlelikde, indi hamala Hudaý biz arkaly haýyş edýän ýaly, biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!
21Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi.