Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Men siziň ýanyňyza ikilenç gaýgy bilen gelmezligi ýüregime düwdüm.
2Çünki sizi gaýgylandyrsam, gaýgylandyran adamym bolmasa, meni şatlandyrjak kim?
3Muny gelemde şatlanmaly adamlarymdan gaýgylanmaýyn diýip ýazdym. Çünki meniň şatlygymyň hemmäňiziň şatlygydygyna ynanýaryn.
4Men size agyr muşakgat we ýürek gorkusy zerarly köp gözýaş döküp, siziň gaýgylanmagyňyz üçin däl-de, meniň özüňize bolan bol söýgimi bilmegiňiz üçin ýazdym.
5Biri gaýgylandyran bolsa, ol meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede siziň hemmäňizi gaýgylandyrandyr.
6Şeýle adama köplügiň beren şol jezasy ýeterlikdir.
7Beýle adam çendenaşa gaýga batmaz ýaly, ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz.
8Şonuň üçin oňa bolan söýgiňizi tassyklamagyňyzy sizden haýyş edýärin.
9Şoňa görä-de, men siziň her zatda boýun bolýanlygyňyzy synagda biljek bolup ýazdym.
10Siz kimi bir zatda bagyşlasaňyz, men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir
11Muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim, çünki biz onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris.
12Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troasa baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açylanda,
13ruhumda ynjalygym ýokdy, çünki doganym Titusy tapman, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitdim.
14Emma bizi Mesihiň yzyndan elmydam ýeňişli ýollardan ýöredýän, biz arkaly her ýerde Özüni tanamaklygyň atyr ysyny saçýan Hudaýa şükür!
15Çünki biz hem gutulanlaryň, hem-de heläk bolanlaryň arasynda Hudaý üçin Mesihiň atyr ysydyrys.
16Biz birine ölüm getirýän ölüm ysy, beýlekä bolsa ýaşaýyş getirýän ýaşaýyş ysydyrys. Kim bu zatlara mynasyp?
17Çünki biz, köp adamlar ýaly, Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmän, eýsem, Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris.