Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Biz ýene-de özümize maslahat bermäge başlaýarysmy? Bize käbirleri ýaly sizden ýa-da size maslahat hatlary gerekmi?
2Siz biziň ýüregimizde ýazylan, ähli adamlar tarapyndan tanalan, okalan hatymyzsyňyz.
3Hyzmatymyzyň netijesi hökmünde syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhy bilen, daş sahypalaryň ýüzünde däl-de, ýüregiň et sahypalarynyň ýüzünde ýazylan Mesihiň hatydygyňyz äşgärdir.
4Biziň Mesih arkaly Hudaýa bolan ynamymyz şeýledir.
5Bir zady hamala özümizden ýaly saýmaga biziň özümiz ukyply däl-de, eýsem, ukybymyz Hudaýdandyr.
6Ol bize harp däl-de, ruh esasyndaky Täze Ähtiň gullukçylary bolmak ukybyny berdi, sebäbi harp öldürýär, ýöne ruh ýaşadýar.
7Ölüm gullugy daşlaryň ýüzüne oýulyp ýazylan harplar bilen şöhratda gelip, Ysraýyl ogullary Musanyň ýüzündäki geçip barýan şöhrat üçin onuň ýüzüne gözlerini sowman bakyp bilmedik bolsa,
8Onda Ruh gullugy has şöhratda bolmazmy?
9Çünki iş kesme gullugy şöhratly bolsa, onda dogrulyk hyzmaty has hem şöhratlydyr.
10Çünki öňki şöhratlanan soňkynyň artyk şöhratyna garanda, şöhratlanan däldir.
11Çünki geçip barýan şöhratly bolan bolsa, onda galyjy has hem şöhratlydyr.
12Şeýle umydymyzyň barlygyna görä, uly gaýratymyz hem bardyr.
13Biz Musa ýaly däldiris. Ol, Ysraýyl ogullary geçip barýan şöhratyň soňuny görmesin diýip, öz ýüzüni perdeläpdi.
14Ýöne olaryň akyllary küteldi, sebäbi şu güne çenli Köne Äht okalanda, şol perde syrylman galyp, diňe Mesihde aradan aýrylýar.
15Musa okalanda, perde şu güne çenli olaryň ýüregini büreýär.
16Ýöne biri Rebbe tarap öwrülende, ol perde aýrylýar.
17Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir.
18Emma biziň hemmämiz perdesi aýrylan ýüz bilen Rebbiň şöhratyny görüp, şöhrat üstüne şöhrat bilen şol keşbe dönderilýändiris. Bu hem Ruh bolan Mesih tarapyndyr.