Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».
2Bu aýal Hudaýyň adamynyň tabşyryşy ýaly hem etdi. Ol öz öý-içerisi bilen piliştlileriň ýurduna gidip, şol ýerde ýedi ýyl ýaşady.
3Ýedi ýyldan soň bu aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramak üçin, patyşanyň huzuryna gitdi.
4Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi.
5Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ynha, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi.
6Patyşa bu aýaldan soranda, ol patyşa bolup geçen zatlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýdip, patyşa emeldarlarynyň birini çagyryp, şeýle buýruk berdi: «Bu aýalyň bar zadyny gaýtaryp ber, ýurdy taşlap giden gününden tä şu güne çenli melleginiň bar girdejisini hem yzyna ber» diýip emr etdi.
7Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Aram patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler.
8Patyşa emeldary Hazaýyla şeýle diýdi: «Ýanyň bilen sowgatlar al-da, Hudaýyň adamyny garşylamaga git. Onsoň onuň üsti bilen Rebden sora: „Men şu hassalykdan sagalarmykam?“».
9Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Aram patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.
10Elýaşa Hazaýyla: «Bar-da patyşa: „Sen hökman sagalarsyň“ diý, emma Reb maňa onuň hökman öljekdigini görkezdi» diýdi.
11Elýaşa Hazaýyla gözüni aýyrmazdan seretdi welin, Hazaýyl uýatdan gyzardy. Onsoň Hudaýyň adamy aglady.
12Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan ötürersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».
13Hazaýyl: «Köpekden parhy bolmadyk bu guluň beýle uly işleri eder ýaly kim bolupdyr?» diýdi. Elýaşa: «Reb maňa seniň Arama patyşa boljagyňy görkezdi» diýip jogap berdi.
14Onsoň Hazaýyl Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, öz jenaby Benhadadyň ýanyna geldi. Benhadat ondan: «Elýaşa saňa näme diýdi?» diýip sorady. Hazaýyl: «Ol sen hökman gutularsyň diýdi» diýip jogap berdi.
15Emma ertesi gün Hazaýyl bir örtgi alyp, ony suwa batyrdy-da, patyşanyň ýüzüne ýapyp, ony bogup öldürdi. Onsoň onuň ýerine Hazaýylyň özi patyşa boldy.
16Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň bäşinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň ogly Ýoram Ýahuda patyşalyk edip başlady.
17Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi.
18Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
19Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.
20Ýoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular.
21Onsoň Ýoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlar Ýoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýoram bilen gije edomlylaryň gabawuny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy.
22Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy.
23Ýoramyň beýleki işleri, onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
24Ýoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy.
25Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy.
26Ahazýa patyşa bolanda ýigrimi iki ýa��yndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy.
27Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ol hem Ahabyň maşgalasy ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, çünki Ahazýa olaryň giýewisidi.
28Ahazýa Ahabyň ogly Ýoram bilen Aramyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Aramlylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar.
29Ysraýyl patyşasy Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, aramlylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.