Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
37 verses
1Elýaşa pygamberler toparyndan bolan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.
2Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit.
3Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diýi: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».
4Şeýdip, ýaňky ýaş pygamber Ramotgilgada gitdi.
5Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin serkerde» diýip jogap berdi.
6Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.
7Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.
8Çünki Ahabyň maşgalasynyň ýekejesi-de diri galmaz. Men Ysraýylda isle gul bolsun, isle azat – Ahapdan bolan ähli erkekleriň baryny gyraryn.
9Men Ahabyň maşgalasyny Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin.
10Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer, ony hiç kim jaýlamaz“». Onsoň ýaş pygamber şeýle diýdi-de, dessine öýden çykyp gaçdy.
11Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.
12Olar: «Ýok, bu ýalan. Bize hakykaty aýt» diýdiler. Onsoň Ýehu: «Onuň maňa bar diýen zady Reb şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa etmek üçin başyňa ýag çalyp saýlaýaryn“» diýdi.
13Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.
14Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Aram patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy.
15Emma Ýoram patyşa Ramotgilgatdaky Aram patyşasy Hazaýyla garşy uruşda aramlylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp gelipdi. Şeýdip, Ýehu öz kärdeş goşun serkerdelerine: «Eger meniň bilen ylalaşsaňyz, Ýizregeldäki Ýorama habar ýetirilmez ýaly, ýekeje adamy-da Ramot galasyndan çykarmaň» diýdi.
16Ýehu şeýle diýdi-de, özüniň söweş arabasyna münüp, Ýizregele gitdi, çünki Ýoram şol ýerde ýaralanyp ýatyrdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýoramy görmek üçin Ýizregele gelipdi.
17Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi.
18Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi.
19Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi.
20Garawul ýene-de: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok. Gelýaniň at çapdyryşy-a Nimşiniň agtygy Ýehuwyň at çapdyryşyna meňzeýär, çünki Ýehu aty aýagaldygyna çapdyrýandyr» diýip habar berdi.
21Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar.
22Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehuw, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun» diýip jogap berdi.
23Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy.
24Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz arabasyna ýykyldy.
25Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal:
26„Düýn Men Nabodyň gany bilen onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Seniň Menden almytyňy edil şu mellekde aljakdygyňa ant içýärin“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».
27Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi.
28Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.
29Ahabyň ogly Ýoramyň patyşalygynyň on birinji ýylynda Ahazýa Ýahuda patyşa bolupdy.
30Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşa seredip durdy.
31Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Eý, sen, jenabyny öldüren Zimri ýaly eýgilige geldiňmi?» diýip sorady.
32Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi.
33Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçraýar. Atlar onuň jesedini basgyladylar.
34Onsoň Ýehu içeri girip, iýip-içip: «Bu näletlenen aýalyň ugruna çykyp, ony jaýlaň, çünki ol patyşanyň gyzydyr» diýdi.
35Olar ony jaýlamaga gidenlerinde, onuň diňe kelle süňkünden, aýaklaryndan, eliniň penjelerinden başga hiç zat tapmadylar.
36Olar yzlaryna gelip, gören zatlaryny Ýehuwa gürrüň berdiler. Ýehu hem: «Ine, Rebbiň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi şudur: „Izebeliň maslygyny Ýizregelde itler iýer.
37Izebeliň jesedi Ýizregelde ekin meýdanlaryna ders bolar. Şonuň üçin hem hiç kim ony ‘Bu Izebeldir’ diýip tanap bilmez“» diýdi.