Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Mesih Isadaky ýaşaýyş wadasy boýunça Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan,
2söýgüli oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin.
3Men gije-gündiz edýän dogalarymda seni dyngysyz ýatlap, atalarym ýaly sap wyždandan hyzmat edýän Hudaýyma şükür edýärin.
4Gözýaşlaryňy ýada salyp, şatlykdan dolmak üçin seni göresim gelýär.
5Ozal mamaň Loisde we eneň Ewnikide bolan hilesiz imany ýatlaýaryn, onuň sende-de bardygyna doly ynanýaryn.
6Şu sebäpden, ellerimi üstüňe goýmagym arkaly Hudaýyň saňa beren sylagyny lowurdatmagyňy ýadyňa salýaryn.
7Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir.
8Şoňa görä, Rebbimiz hakda güwälik etmäge, Onuň ugrunda bendi bolan maňa utanman, Hudaýyň beren kuwwaty bilen Hoş Habaryň ugrunda meniň bilen bile görgi gör.
9Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlip,
10indi bolsa, ölümi aradan aýran, ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly yşyga çykaran Halasgärimiz Mesih Isanyň gelmegi bilen aýan edildi.
11Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we milletleriň öwredijisi edilip bellendim.
12Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar.
13Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny iman, Mesih Isa bolan söýgi bilen gaýym sakla.
14Özüňe ynanylyp berlen oňat taglymaty içimizde ýaşaýan Mukaddes Ruh arkaly gora.
15Aziýa ilindäkileriň hemmesiniň, şol sanda Figelus hem Ermogenis dagynyň menden arany açanyny bilýänsiň.
16Reb Onisiforyň içersine rehimdarlyk etsin. Çünki ol ençeme gezek janyma jan goşdy, zynjyrlar bilen baglydygyma utanman,
17Rimdekä meni gaýrat edip gözläp tapdy.
18Ol günde Rebden rehimdarlyk tapmagy Reb oňa yhsan etsin! Onuň Efesde näçe hyzmat edenini seniň özüň gaty oňat bilýänsiň.