Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Şeýlelikde, oglum, Mesih Isadaky merhemet bilen güýçlen.
2Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr.
3Mesih Isanyň oňat esgeri bolup, meniň bilen bilelikde görgi gör.
4Esgerlik edýän adam özüni esgerlige çagyrany hoşnut etjek bolup, gündelik ýaşaýyş işlerine garyşýan däldir.
5Ýaryşa gatnaşýan adam ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz.
6Zähmet çeken daýhan, hasylyndan ilkinji paýy özi almalydyr.
7Aýdýanlarym hakda oýlan. Reb saňa her zatda aň-düşünje berer.
8Meniň ýaýradýan Hoş Habaryma görä, Dawudyň neslinden bolup, ölümden direlen Isa Mesihi ýada sal.
9Men bu Hoş Habar ugrunda, jenaýatçy ýaly, zynjyrlar bilen baglanyp görgi görýärin. Ýöne Hudaýyň sözi baglanan däldir.
10Şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Mesih Isadaky gutulyşa gowşar ýaly, olaryň hatyrasyna her zada döz gelýärin.
11Bu bir dogry sözdür: Onuň bilen bile ölen bolsak, Onuň bilen bile-de ýaşarys.
12Çydasak, Onuň bilen bile höküm süreris. Ony inkär etsek, Ol hem bizi inkär eder.
13Biz wepaly galmasak hem, Ol wepaly bolar. Çünki Ol Özüni inkär edip bilmez.
14Bu zatlary olaryň ýadyna sal. Eşidýänleri heläkçilige eltmekden başga hiç bir zada peýda bermeýän söz dawalaryny çykarmazlygy Rebbiň huzurynda olara berk tabşyr.
15Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et.
16Ýaramaz, boş sözlerden gaça dur. Çünki bulara baş goşýanlar hudaýsyzlykda mundan beýläk-de ilerlärler.
17Olaryň sözleri rak kimin ýaýrar. Imeneýus bilen Filitus bulardandyr.
18Olar direlişiň eýýäm bolup geçendigini aýtmak bilen, hakykatdan azaşdylar, indi bolsa käbir adamlaryň imanyny dargadýarlar.
19Emma Hudaýyň berk binasy durandyr. Ol «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýen sözler bilen möhürlidir.
20Bir uly öýde diňe gyzyl, kümüş gaplar däl, eýsem, agaç we toprakdan ýasalan gaplar-da bardyr. Olaryň käbiri abraýly, käbiri bolsa abraýsyz iş üçindir.
21Şeýlelikde, eger biri özüni bu abraýsyz işlerden tämizlese, onda ol hormatly maksatlara ýaraşykly, mukaddes edilen, hojaýynyna peýdaly we her bir oňat işe taýýar gap bolar.
22Ýaşlyk höweslerinden gaç. Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer.
23Samsyk hem düşnüksiz jedellerden çekil. Çünki dawalaryň bulardan turýandygyny bilýänsiň.
24Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr.
25Özüne garşy bolanlary ýumşaklyk bilen ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir toba ýoluny açar.
26Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular.