Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Şuny bil, soňky günlerde kyn pursatlar bolar.
2Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum,
3doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar.
4Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýýän,
5Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar. Beýle adamlardan arany aç.
6Çünki ogrynça öýlere girip, günäler bilen ýükli, dürli höwesler bilen äkidilýän,
7hemişe öwrenip-de, hiç haçan hakykat bilimine ýetip bilmeýän gowşak aýallary tussag edýän adamlar bulardandyr.
8Ýannis bilen Ýambris Musa nähili garşy duran bolsa, bular-da, şonuň ýaly, hakykata garşy durýar. Olar pikirleri zaýalanan, imanda ret edilen adamlardyr.
9Emma ýene ilerläp bilmezler. Çünki öňküler ýaly bularyň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar.
10Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy, maksadymy, imanymy, sabrymy, söýgimi, çydamymy,
11gören azardyr görgülerimi, meselem, Antakiýa, Konýa we Listrada başymdan geçenleri berk yzarladyň. Men nähili azarlara döz geldim! Reb meni hemmesinden gutardy.
12Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker.
13Emma erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär.
14Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal.
15Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýärsiň.
16Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly,
17öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.