Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Hudaýyň öňünde, dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarjak Mesih Isanyň öňünde Onuň gelmeginiň, Patyşalygynyň haky üçin saňa ündeýärin:
2Hudaýyň sözüni wagyz et. Pursat amatly bolsun, bolmasyn, taýýar bol. Ynsanlara doly sabyr, taglymat bilen käýe, ýola getir, öwüt-ündew et.
3Çünki şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer.
4Gulaklaryny hakykatdan sowup, ertekilere tarap öwrüler.
5Ýöne sen her ýagdaýda hüşgär bol, görgi gör, bir Hoş Habarçy bolup işläp, hyzmatyňy bitir.
6Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi.
7Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym.
8Mundan beýläk, dogrulyk täji meniň üçin taýýar durandyr. Adyl kazy Reb ol günde ony maňa, diňe maňa däl, eýsem, Onuň gelmegini söýýänleriň baryna-da berer.
9Meniň ýanyma basym geljek bolup gaýrat et.
10Çünki Dima häzirki dünýäni söýýänligi üçin, meni taşlap Selanige gitdi. Kiriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.
11Ýanymda diňe Luka bar. Markusy alyp gaýt. Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger.
12Tihikusy Efese ýolladym.
13Geleňde Troasda Karpyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplary, ylaýta-da, gaýyş kitaplary getir.
14Demirçi Isgender maňa kän ýamanlyk etdi. Reb oňa edenlerine görä almytyny berer.
15Sen hem ondan ägä bol. Çünki ol biziň sözlerimize gaty garşy durdy.
16Ilkinji goranmamda tarapymy tutan bolmady, gaýtam, hemmeler meni taşlap gitdiler. Munuň hasaby olardan soralmasyn.
17Ýöne Hudaýyň wagzy men arkaly doly yglan bolup, bütin milletler ony eşider ýaly, Reb ýanymda durup, meni güýçlendirdi, şeýlelikde, arslanyň agzyndan gutuldym.
18Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, Gökdäki Patyşalygynda saklar. Ebedi şöhrat Onuňky bolsun! Omyn.
19Priskilla, Akila we Onisiforyň içersine salam aýt.
20Erastus Korintosda galdy. Trofimusy hassaka Militosda goýup gaýtdym.
21Gyşdan öň geljek bolup gaýrat et. Ewulus, Pudens, Linus, Klawdiýa we bütin doganlar saňa salam aýdýar.
22Reb Isa Mesih seniň ruhuň bilen bolsun! Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn.