Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna görä, Hudaý ýoluna ýaraşykly bolan hakykat bilimine görä Hudaýyň guly, Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan salam!
2Meniň bu resullygym ýalan sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanýar.
3Halasgärimiz Hudaýyň buýrugy boýunça maňa tabşyrylan wagyzda Hudaý Öz sözüni amatly wagtynda aýan etdi.
4Ortak imanymyza görä, hakyky oglum Titusa Ata Hudaý, Halasgärimiz Mesih Isa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin!
5Yza galan işleri düzeltmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin, ine, şu sebäpden men seni Giritde goýup gaýtdym.
6Kim müýnsüz, diňe bir aýalyň äri bolsa, iman eden, edepsizlikde aýyplanmadyk bolsa, terbiýeli çagalary bar bolsa, şony belle.
7Çünki gözegçi, Hudaýyň öýüniň wekilidigi üçin, müýnsüz bolmalydyr. Başyna giden, gyzma, şeraba höwesjeň, uruşgan, haram gazanjyň yzynda ylgap ýörmän,
8eýsem, myhmansöýer, ýagşylyk söýer, sagdyn düşünjeli, adalatly, takwa we nebsine buýrup bilýän kişi bolmalydyr.
9Hem beýlekilere sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip hem-de garşy çykanlary dymdyrar ýaly, öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşmalydyr.
10Çünki pitneçi, ýaňra we aldawçy köp adamlar bardyr. Ylaýta-da, sünnetlilikden bolanlar bulardandyr.
11Olaryň agzyny baglamak gerek. Olar haksyz gazanç üçin, öwredilmesiz zatlary öwredip, öýleri bütinleý ýykýarlar.
12Aralaryndan biri, olaryň öz pygamberleriniň biri: «Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir» diýipdir.
13Bu güwälik hakdyr. Şol sebäpli ýehudy ertekilerine, hakykatdan azaşan adamlaryň buýruklaryna gulak asma,
14gaýtam, imanda sagdyn bolmaklary üçin olara berk käýe.
15Çünki tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir.
16Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär. Olar ýigrenji, söze gulak asmaz bolup, hiç bir oňat işe ýararly däldir.