Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Emma sen sagdyn taglymata ýaraşykly bolany öwret.
2Garry adamlara hüşgär, agras, sagdyn düşünjeli, imanda, söýgüde hem sabyrda sagdyn bolmalydyklaryny aýt.
3Şonuň ýaly, garry aýallar hem myjabatçy, köp şerap guly däl-de, eýsem, ýaşaýyşlarynda sylaga mynasyp, ýagşylygy öwredýänler bolsun.
4Onsoň olar Hudaýyň sözüne dil ýetirmez ýaly, ýaş gelin-gyzlary öz ärlerini, çagalaryny söýýän,
5sagdyn düşünjeli, päk, öýünde işeňňir, oňat we öz ärlerine tabyn bolmagy üçin ýetişdirip bilerler.
6Şonuň ýaly-da, ýaş ýigitlere hem sagdyn düşünjeli bolmagy ünde.
7Özüň oňat işler edip, olara her zatda görelde görkez.
8Bize garşy bolanlar biz hakda aýdara hiç bir ýaman gep tapman utanar ýaly, taglymatyňda sap, agras bolup, hiç kimiň aýyplap bilmejek sagdyn sözlerini aýt.
9Gullara halasgär Hudaýymyzyň taglymaty her babatda bezär ýaly, hojaýynlaryna tabyn bolmagy, jogap gaýtarman, ogurlaman,
10bütinleý sadyklyk görkezip, hojaýynlaryny her zatda hoşnut etmegi ünde.
11Çünki Hudaýyň hemme ynsanlara gutulyş getiren merhemeti äşgär boldy.
12Bu merhemet bize, hudaýsyzlygy, dünewi höwesleri ret edip, mübärek umydymyz bolan beýik Hudaý we halasgärimiz Mesih Isanyň şöhrat içinde gelmegine garaşyp,
13häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamagymyzy öwredýär.
14Mesih hemme ýazykdan gutulyp, Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida etdi.
15Bulary aýdyp, diňleýänlere doly ygtyýar bilen öwüt-ündew et hem-de käýe. Hiç kim seni äsgermezlik etmesin.