Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Hökümdarlara we häkimlere tabyn bolmagy, söze gulak asmagy, her bir oňat işe taýýar durmagy,
2hiç kimi ýamanlamazlygy, igenjeň bolman, mylaýym bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkezmegi imanlylaryň ýadyna sal.
3Çünki bir wagtlar biz hem aň-düşünjesiz, söze gulak asmaz, ýolundan azaşan, dürli höweslere hem-de keýplere bakna, ýamanlyk hem göriplikde ýaşap, ýigrenji, biri-birlerini ýigrenýän adamlardyk.
4Ýöne halasgärimiz Hudaýyň ýagşylygy, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda,
5Ol bizi dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutardy.
6Biz Onuň merhemeti bilen aklanyp, baky ýaşaýşyň umydy içinde Onuň mirasçylary bolar ýaly,
7täzeden dogma ýuwşy bilen halasgärimiz Isa Mesihiň saýasynda üstümize bolelin döken Mukaddes Ruhunyň täzelemegi arkaly Ol bizi halas etdi.
8Bu bir dogry sözdür. Hudaýa iman edenler ýagşy işleri ýerine ýetirmek üçin alada eder ýaly, men seniň bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bular ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.
9Boş jedellerden, nesil şejereleri we Mukaddes Kanun hakdaky çekişmelerden hem-de dawalardan çekil. Çünki bular peýdasyz, biderek zatlardyr.
10Ara bölünişik salýan adamdan birinji we ikinji ündewden soň gaça dur.
11Beýle adamyň ýoldan azaşyp, günä edip, öz-özüne iş kesýänligini bilýänsiň.
12Artemasy ýa-da Tihikusy seniň ýanyňa ýollamda, Nikopolise ― meniň ýanyma geljek bolup gaýrat et. Çünki gyşy ol ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.
13Kanunçy Zenas bilen Apollosy ýola salaňda, hiç bir ýetmezçilikleri bolmaz ýaly, olaryň gamlaryny iý.
14Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, gerekli zerurlyklara kömek üçin oňat işleri ýerine ýetirmegi öwrensinler.
15Meniň ýanymdakylaryň hemmesi saňa salam aýdýar. Imanda bizi söýýänlere salam aýt. Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.