Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Mesih Isanyň ugrunda bendi bolan men, Pawlusdan, Timoteos dogandan, söýgüli işdeşimiz bolan sen Filimuna,
2aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipusa we seniň öýüňdäki imanlylar ýygnagyna salam!
3Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin. Şükür we doga
4seniň Reb Isa bolan imanyňy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňi eşidip, Hudaýyma şükür edýärin.
5Seni dogalarymda elmydama ýatlaýaryn.
6Mesihde özüňize degişli bütin ýagşy zatlary biler ýaly, özüňdäki imany beýlekiler bilen paýlaşmakda täsirli bolmagyň üçin doga edýärin.
7Sebäbi men seniň söýgiň arkaly uly şatlyk hem teselli tapdym, çünki, eý dogan, seniň saýaňda bütin mukaddesleriň ýüregine ynjalyk berildi. Pawlusyň Onesimus baradaky haýyşy
8şu sebäpden gerekli bolanyny saňa buýurmaga Mesihde uly batyrlygym bolsa-da,
9men, garry Pawlus, şu wagt hem Mesih Isanyň ugrunda bendiniň biri hökmünde söýginiň hatyrasyna senden haýyş etmegi eý görýärin.
10Men tussagdakam özüne atalyk eden,
11bir wagtlar saňa peýdasyz, ýöne şindi hem saňa, hem maňa peýdasy degýän oglum Onesimus üçin senden haýyş edýärin.
12Ony, ýagny ýürejigimi yzyna saňa ýollaýaryn, ony kabul et.
13Hoş Habaryň ugrunda tussagdakam, seniň ýeriňe maňa hyzmat etmegi üçin, ony öz ýanymda alyp galmak isleýärdim,
14ýöne etjek ýagşylygyň mejbury ýaly däl-de, meýletin bolar ýaly, senden soragsyz hiç bir zady etmek islemedim.
15Belki-de, onuň wagtlaýynça senden aýrylmagy, ony hemişelik yzyna almagyň üçin bolandyr.
16Ony indi bir gul däl-de, guldan artykmaç söýgüli dogan hökmünde yzyna alarsyň. Ol ylaýta-da meniň üçin, has-da seniň üçin hem bedende, hem-de Rebde bir söýgüli dogandyr.
17Şoňa görä, meni öz ýoldaşyň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et.
18Ol saňa her hili erbetlik eden bolsa ýa-da bir borjy bar bolsa, muny maňa ýaz.
19Men Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn, özüm bererin. Seniň hem öz ýaşaýşyň bilen maňa borçludygyňy aýtmagymyň geregi ýok.
20Hawa, dogan, Rebde maňa bir peýdaň degsin, Mesihde ýüregime ynjalyk ber.
21Sözüme gulak asjagyňa ynam edip, aýdanlarymdan hem känräk etjegiňi bilip saňa ýazýaryn.
22Şonuň bilen birlikde, maňa-da galara ýer taýynla. Çünki dogalaryňyz arkaly size bagyşlanaryn diýen umydym bar.
23Mesih Isa ugrunda meniň bilen tussagda bile bolýan Epafra,
24işdeşlerim Markus, Aristarkus, Dima we Luka saňa salam aýdýarlar.
25Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn.