Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir.
2Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi.
3Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň, Gökde Şöhratlynyň sagynda oturdy.
4Ol perişdelerden näçe üstün ady miras alan bolsa, şonça-da olardan üstün boldy.
5Çünki Hudaý heý-de perişdeleriň birine: «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum», «Men Oňa Ata, Ol-da Maňa Ogul bolar» diýipmi?
6Ýene Hudaý Özüniň ilkinji doglan Ogluny dünýä iberende: «Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsin» diýýär.
7Perişdeler hakda: «Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir» diýýän bolsa,
8Ogly hakda: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr» diýýär.
9«Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý ― Seniň Hudaýyň Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi».
10Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir.
11Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler.
12Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez».
13Hudaý perişdeleriň birine heý: «Duşmanlaryňy aýaklaryň astyna basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur» diýipmi?
14Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme?