Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris.
2Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söze gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa,
3Onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz nähili gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar.
4Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi boýunça paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi.
5Ol biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi perişdelere tabyn edenok.
6Ýöne biri bir ýerde şeýle güwä geçip diýdi: «Sen ony ýatlar ýaly, ynsan näme? Oňa üns berer ýaly, ynsan ogly näme?
7Ony perişdelerden az-kem pes tutduň. Şöhrat hem hormat täjini Oňa geýdirip, Öz elleriň işleriniň üstünde Ony oturtdyň.
8Bar zady Onuň aýaklarynyň astynda goýduň». Hudaý bar zady Oňa tabyn etdi, Oňa bagly däl zat goýmady. Ýöne welin hemme zadyň Oňa baglydygyny biz entek görmeýäris.
9Emma perişdelerden az-kem pes tutulan Isa Hudaýyň merhemeti bilen her ynsan üçin ölümi dadar ýaly, gören ölüm görgüsi üçin şöhrat hem hormat täjiniň geýdirilenini görýäris.
10Ençeme ogullary şöhrata ýetirýärkä, olaryň gutulyşynyň Öňbaşçysyny görgüler arkaly kämillige ýetirmek hemme zadyň Özi üçin we Özi arkaly bar bolan Hudaýa ýaraşyklydy.
11Çünki mukaddes eden bilen mukaddes edilenleriň hemmesi bir Atadandyr. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar. Şeýle diýýär:
12«Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn».
13Ýene: «Men Oňa ynam ederin», «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary» diýýär.
14Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak,
15ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi.
16Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär.
17Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy.
18Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar.