Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Şonuň üçin, eý, asmandan gelen çakylyga şärik bolan mukaddes doganlar, biziň ykrar eden imanymyzyň Resuly hem Baş Ruhanysy Isa serediň.
2Ol Musanyň, Hudaýyň tutuş öýünde sadyk galyşy ýaly, Özüni belläne wepadar galdy.
3Öýi ýasanyň öýden kän hormat görşi ýaly, Isa-da Musanyňkydan beýik şöhrata mynasyp görüldi.
4Çünki her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr.
5Musa geljekde sözlenjek sözlere güwä geçmek üçin, Hudaýyň bütin öýünde bir hyzmatkär bolup sadyk galdy.
6Emma Mesih Onuň öýüne jogapkär Ogul hökmünde sadykdyr. Batyrlygymyzy, magtanýan umydymyzy soňuna çenli berk saklasak, Onuň öýi bizdiris.
7Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz,
8çölde synalan günüňizdäki pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň.
9Atalaryňyz ol ýerde Meni barlap synadylar, kyrk ýyllap Meniň edýänlerimi görüp gezdiler.
10Şonuň üçin Men bu nesle gaharlanyp: olar elmydam ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler diýdim.
11Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmez! diýip ant içdim».
12Eý doganlar, habardar boluň, siziň biriňizde diri Hudaýdan daşlaşan imansyzlygyň erbet ýüregi bolaýmasyn.
13Siziň hiç biriňiziň ýüregiňiz günäniň aldawçylygy bilen gatamaz ýaly, «gün şu gündür» diýilýärkä, her gün biri-biriňizi ruhlandyryň.
14Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr.
15Ozal aýdylyşy ýaly, «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň».
16Onuň sesini eşidip hem pitne turzanlar kimlerdi? Musa arkaly Müsürden çykarylanlaryň hemmesi dälmidi?
17Hudaý kyrk ýyllap kime gaharlandy? Günä edip, maslyklary çölde serlip galanlara dälmi?
18Sözüne gulak asmaýanlardan başga Öz dynçlyk ülkesine kimler girmez diýip ant içdi?
19Biz, imansyzlyk edendikleri üçin, olaryň girip bilmändiklerini görýäris.