Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Konýada bilelikde ýehudylaryň sinagogasyna bardylar; olaryň gürrüň berişi hem ýehudylardan, hem greklerden uly toparyň iman getirmegine sebäp boldy.
2Ýöne iman etmedik ýehudylar özge milletleri küşgürip, olaryň aňyny doganlara garşy garaladylar.
3Esli wagt ol ýerde bolan Pawlus bilen Barnabas Reb üçin gaýratly wagyz edýärdiler. Reb hem olaryň elleri bilen alamatlar, gudratlar görkezip, Öz merhemeti baradaky söz üçin güwä geçýärdi.
4Şäher halky iki bölünip, bir bölegi ýehudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.
5Ýöne milletler hem-de ýehudylar we olaryň başlyklary tarapyndan resullary ryswa etmek, daşlamak üçin bir hüjüm ýüze çykanda,
6mundan habarly bolan resullar Likaoniýanyň şäherleri bolan Listra, Derbä we şol etraplara gaçyp baryp,
7ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.
8Listrada aýaklary ysgynsyz bir adam ýaşaýardy, ol eneden dogma otura bolup, hiç wagt ýöremändi.
9Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňledi; Pawlus hem oňa göz dikdi, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny görüp,
10gaty ses bilen: «Aýagyň üstünde dik dur!» diýdi. Ol hem ýokary towsup, ýöräp başlady.
11Halaýyk Pawlusyň eden işini görende seslerini gataldyp, likaoniýa dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, biziň ýanymyza inipdir!» diýişdiler.
12Barnabasa Zews, Pawlusa-da söz sözleýän bolany üçin Hermes diýdiler.
13Şäheriň daşynda ýerleşen Zews ybadathanasynyň ruhanysy derwezeleriň agzyna öküzler, wenoklar getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy.
14Emma resullar, ýagny Barnabas, Pawlus muny eşidenlerinde, öz egin-eşiklerini ýyrtyp, halkyň ortasyna zyňyldylar, gygyryp, şeýle diýdiler:
15«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz-de duýgulary size meňzeş ynsanlardyrys we sizi bu boş zatlardan dönüp, Gögi, Ýeri, deňzi we olaryň içindäki ähli zatlary ýaradan diri Hudaýa tarap öwrülmäge çagyrýarys.
16Ol geçen nesillerde bütin milletlere öz ýollary bilen ýöremäge rugsat etdi.
17Muňa garamazdan, ýagşylyk etmek, size Gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler bermek, ýüregiňizi iýmit hem şatlykdan doldurmak bilen, Özüni güwäsiz goýmady».
18Bu sözler bilen halky özlerine gurban kesmekden zordan dändirdiler. Hemmesini öz öýüne iberdiler. Olar ol ýerde galyp, ders berip ýörkäler,
19Antakiýadan, Konýadan ýehudylar geldi; olar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar, ony ölendir öýdüp, şäherden daşary süýrediler.
20Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ör turup, şähere gaýtdy. Şol günüň ertesi hem Barnabas bilen Derbä tarap ýola düşdi.
21Olar bu şähere Hoş Habary wagyz edip, köpleri şägirt edenlerinden soň, Listra, Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler.
22Şägirtleriň janlaryna kuwwat berip, olara imanda berk durmagy ündäp: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýýärdiler.
23Pawlus bilen Barnabas her ýygnakda olara ýolbaşçylar saýlap, orazaly doga edip, olary iman eden Reblerine tabşyrdylar.
24Onsoň Pisidiýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler.
25Pergada Rebbiň sözüni wagyz edip, Attaliýa indiler.
26Ol ýerden hem öz bitiren işleri üçin Hudaýyň merhemetine tabşyrylan ýerleri bolan Antakiýa gämili gaýtdylar.
27Gelip, ýygnagy üýşürdiler, Hudaýyň özleri arkaly ähli edenlerini, ýehudy dällere iman gapysyny açanyny gürrüň berdiler,
28köp wagtlap şägirtleriň ýanynda boldular.