Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
41 verses
1Ýahudadan gelen käbir adamlar doganlara sapak berip: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, gutulyp bilmersiňiz» diýýärdiler.
2Pawlus bilen Barnabas bu adamlar bilen kän çekişip, jedelleşdiler. Onsoň bu meseläniň çözgüdi üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime gitmeli diýen karara gelindi.
3Şeýlelikde, ýygnak tarapyndan ýola salnanlar Finikiýanyň, Samariýanyň içinden geçdiler, milletleriň Rebbe tarap öwrülendigini aýdyp, doganlara uly şatlyk berdiler.
4Iýerusalime gelenlerinde bolsa ýygnak, resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilip, Hudaýyň özleri arkaly eden ähli zadyny habar berdiler.
5Emma fariseýler mezhebinden iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Beýleki milletlerden bolanlary sünnetlemeli, Musanyň kanunyny saklamagy tabşyrmaly» diýdiler.
6Onsoň resullar, ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
7Gürrüň uzaga çekende, Petrus ýokary turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Öz bilşiňiz ýaly, milletleriň Hoş Habar sözüni meniň agzymdan eşidip, iman etmelidigi üçin, Hudaý köp wagt mundan ozal aramyzdan meni saýlady.
8Ýürekleri bilýän Hudaý bize berşi ýaly, özge milletlere-de Mudakkes Ruhy bermek bilen, olara güwä geçdi.
9Ýüreklerini iman arkaly tämizledi, biz bilen olaryň arasynda hiç bir parh goýmady.
10Indi, näme üçin atalarymyzyň, özümiziň dakynyp bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna saljak bolup, Hudaýy synaýarsyňyz?
11Biz Reb Isanyň merhemeti bilen gutulandygymyza ynanýarys, olar hem şeýle».
12Onsoň bütin jemagat dymyp, Hudaýyň özleri arkaly milletler arasynda görkezen uly alamatlaryny, gudratlaryny aýdyp beren Barnabas bilen Pawlusy diňledi.
13Olar gürrüňlerini gutaranyndan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!
14Özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaýyň ilki bilen olara nähili ideg edenini Simon aýdyp berdi.
15Pygamberleriň sözleri-de munuň bilen utgaşýar; ine, şeýle ýazylypdyr:
16Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin.
17Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär".
18Hudaý Öz ähli işlerini ezelden bilýändir.
19Munuň üçin, meniň pikirimçe, özge milletlerden Hudaýa tarap öwrülenlere kynçylyk döretmeli däl.
20Ýöne olara butlaryň nejisliginden, zynadan, boglan haýwanlaryň etinden we gandan gaça durmagy, özlerine edilmegini islemeýän zatlaryny başgalara etmezligi ýazmaly.
21Çünki Musanyň sözleri her sabat güni sinagogalarda okalýar, gadym zamanlardan bäri her şäherde wagyz edilýär».
22Şeýlelikde, resullardyr ýolbaşçylar bütin ýygnak bilen birlikde özlerinden birnäçe adamy, ýagny doganlaryň arasynda ýolbaşçylyk edýän Barsaba lakamly Iuda bilen Silasy saýlap, Pawlus we Barnabas bilen birlikde Antakiýa ýollamaly diýen karara geldiler.
23Onsoň şu haty ýazyp, olardan iberdiler: «Resullar, ýolbaşçylar we doganlar Antakiýadaky, Siriýadaky, Kilikiýadaky milletlerden bolan doganlara salam aýdýar.
24Bizden bolan käbirleriniň öz sözleri bilen sizi ynjydyp, sünnetleniň, Mukaddes Kanuny berjaý ediň diýip, aňyňyzy bulaşdyranyny eşitdik; muny biz olara tabşyrmandyk.
25Munuň üçin hem birnäçe adamy saýlap, eziz doganlarymyz Barnabas we Pawlus bilen birlikde size ýollamagy bir agyzdan makulladyk.
26Bular Rebbimiz Isa Mesihiň ady ugrunda janlaryny orta goýan adamlardyr.
27Biz Iuda bilen Silasy ýolladyk, olaryň özi hem muny dilden habar bererler.
28Çünki Mukaddes Ruh we biz şu wajyp zatlardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi unadyk:
29butlara gurban edilen iýmitlerden, gandan, boglan haýwanlaryň etinden, zynadan gaça duruň, özüňize edilmegini islemeýän zatlaryňyzy başgalara etmäň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy edersiňiz. Saglykda boluň!»
30Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antakiýa gelip, jemagaty üýşürdiler-de, haty berdiler.
31Olar muny okap, bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler.
32Onsoň özleri hem pygamber bolan Iuda bilen Silas doganlara köp öwüt-nesihat berip, olary güýçlendirdiler.
33Birnäçe wagt ol ýerde galanlaryndan soň bolsa, doganlar olary sag-aman resullara ugratdylar.
34Silas ol ýerde galmagy ýagşy görensoň, Iýerusalime Iudanyň ýeke özi gaýtdy.
35Pawlus bilen Barnabas hem Antakiýada galdylar. Olar başga-da birentek adamlar bilen sapak berip, Rebbiň sözüniň Hoş Habaryny yglan etdiler.
36Birnäçe günden soň, Pawlus Barnabasa: «Indi yzymyza dolanyp, Rebbiň sözüni yglan eden her şäherimizde doganlara görme-görşe baryp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.
37Barnabas Markus diýen Ýahýany-da äkitmegiň pikirindedi.
38Ýöne Pawlus özleri bilen bile işe gitmän, olary Pamfiliýada terk eden adamy äkitmegi makul bilmedi.
39Şeýlelikde, aralaryna agzalalyk düşüp, olar biri-birlerinden aýryldylar; Barnabas Markusy ýanyna alyp, gämi bilen Kipre gitdi.
40Pawlus hem Silasy saýlady, doganlar tarapyndan Hudaýyň merhemetine tabşyrylyp ýola düşdi.
41Ol Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary güýçlendirdi.