Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Pawlus Derbe we Listra-da geldi; ine, ol ýerde ejesi imanly ýehudy we kakasy grek bolan Timoteus atly bir şägirt bardy.
2Onuň Listradaky we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy.
3Pawlus Timoteusy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ol etrapdaky ýehudylar sebäpli ony alyp, sünnetledi, çünki hemmeler Timoteusyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.
4Olar şäherleriň içinden geçip, Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi doganlara tabşyrýardylar.
5Şeýlelikde, ýygnaklaryň imany berkeşýärdi, sanlary gün-günden artýardy.
6Sözi Aziýada wagyz etmeleri Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.
7Olar Misiýa serhetlerine gelip, Bitiniýa gitjek bolanlarynda, Isanyň Ruhy muňa rugsat etmedi.
8Onsoň Misiýadan geçip, Troasa indiler.
9Şol gije Pawlus görnüş gördi: makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup, ýalbaryp: «Makedoniýa gel, bize ýardam et!» diýdi.
10Pawlus bu görnüşi görenden soň, Reb bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, derrew Makedoniýa gitmek bilen bolduk.
11Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samotrakiýa, ertesi hem Neapolise,
12ol ýerden-de Makedoniýa welaýatynyň birinji şäheri hem Rim koloniýasy bolan Filipä gelip ýetdik. Bu şäherde birnäçe günläp galdyk.
13Sabat güni şäher derwezesinden daşaryk, derýa ýakasyna çykdyk. Bu ýerde adat boýunça doga edilýärdi. Onsoň ýygnanan aýallara oturyp gürrüň berdik.
14Tiýatira şäherinde gyrmyzy geýim söwdagäri bolan, Hudaýa ybadat edýän Lidiýa atly bir aýal bizi diňledi; Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy.
15Ol aýal öý-içersi bilen çokundyrylandan soň ýalbaryp: «Meni Rebbe wepaly saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip, bizi yrdy.
16Soňra doga okalýan ýere barýarkak, pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna uly gazanç getirýän, palçy ruhly bir kenize duş geldik.
17Bu gyz Pawlus dagymyzyň yzymyza düşüp: «Bu adamlar hemmelerden beýik Hudaýyň gullary, olar bize gutulma ýoluny wagyz edýärler!» diýip gygyrýardy.
18Ol gygyrmasyny ençeme günläp dowam edensoň, Pawlus gaty tolgundy, yzyna öwrülip, ruha: «Onuň içinden çykmagy Isa Mesihiň adyndan saňa buýurýaryn!» diýdi. Ruh şol sagadyň özünde daşary çykdy.
19Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, başlyklaryň öňüne süýrediler.
20Olary häkimleriň ýanyna getirip, şeýle diýdiler: «Bu adamlar şäherimizi bulam-bujar edýärler, özlerem ýehudy.
21Biz rimlilere kabul edilmegi, berjaý edilmegi rugsat edilmedik adatlary wagyz edýärler!»
22Halaýyk hem olara garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler: «Egin-eşiklerini sypyryp, taýak bilen urmaly» diýen buýrugy berdiler.
23Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, türmeçä olary berk saklamagy buýurdylar.
24Ol-da şeýle buýruk alansoň, olary içki tussaghana salyp, aýaklaryna künde baglady.
25Gije ýaryma golaýlanda, Pawlus bilen Silas doga edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.
26Birdenkä Ýer güýçli titredi, tussaghananyň binalary sarsyp, birbada ähli gapylar açyldy, hemmäniň zynjyrlary çözüldi.
27Ukudan oýanan türmeçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny görüp, tussaglar gaçandyr öýtdi-de, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy.
28Emma Pawlus gaty ses bilen: «Özüňe tyg çekme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy.
29Türmeçi çyra getirdip, içerik kürsäp girdi-de, sandyrap, Pawlus bilen Silasyň öňünde ýere ýykyldy.
30Olary daşary çykaryp: «Eý agalar! Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýdi.
31Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler.
32Şeýlelikde, oňa we öýündäkileriň baryna Rebbiň sözüni aýtdylar.
33Türmeçi gijäniň şol sagadynda olary alyp, ýaralaryny ýuwdy-da, derrew öý-içersi bilen çokundyryldy.
34Onsoň olary öýüne äkidip, öňlerine saçak ýazdy, Hudaýa iman getirdik diýip, bütin öý-içersi bilen şatlandy.
35Gün doganda, häkimler garawullary ýollap: «Hälki adamlary boşat» diýdiler.
36Türmeçi hem bu sözleri Pawlusa habar berip: «Häkimler sizi boşatmak üçin adam ýollapdyr; indi çykyň-da, sag-aman ýola düşüň» diýdi.
37Emma Pawlus olara şeýle diýdi: «Olar Rim graždanlary bolan bizi hökümsiz halk öňünde ýençdiler, zyndana taşladylar, indi bolsa ogrynça daşaryk çykarjak bolýarlarmy? Bu bolmaz! Bizi özleri gelip çykarsynlar».
38Garawullar hem bu sözleri häkimlere habar berdiler. Häkimler olaryň rimlidiklerini eşidenlerinde gorkdular.
39Gelip ýalbardylar, olary daşary çykaryp, şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.
40Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar, doganlary görüp, olara göwünlik berenlerinden soň ýola düşdüler.