Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
30 verses
1«Eý doganlar, atalar! Meniň şindi size sözlejek sözüme gulak asyň!» diýdi.
2Olar onuň özlerine ýewreý dilinde ýüzlenenini eşidenlerinde, ümsümligi has beter sakladylar. Şonda Pawlus şeýle diýdi:
3Men Kilikiýanyň Tarsusynda doglan bir ýehudy; ýöne şu şäherde ösdüm, Gamaliýeliň terbiýesi astynda ata-babalarymyzyň kanunynyň berk talap edijiligine görä tälim aldym. Bu gün siziň baryňyzyň bolşuňyz ýaly, men-de Hudaýa yhlaslydym.
4Men hem erkekleri, hem-de aýallary tutup, zyndanlara tabşyrmak bilen, Mesih ýolundakylary ölüme çenli yzarladym.
5Bu babatda baş ruhany bilen bütin ýaşulular-da güwä geçerler. Men olardan doganlara hatlar hem alyp, Şamdakylary-da jezalandyrmak üçin baglap, Iýerusalime getirmek maksady bilen Şama tarap ýola düşdüm.
6Ýol ýöräp, Şama golaýlanymda, günortanlar birdenkä daş-töweregimde Gökden bir güýçli nur ýaldyrady.
7Men ýere ýykyldym, onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň?" diýdi.
8Men: „Ýa Reb, Sen kim?" diýdim. Ol maňa: „Men seniň azar berýän Nasyraly Isaň" diýip jogap berdi.
9Meniň ýanymdakylar nury görüp gorkdular, ýöne meniň bilen Gepleşeniň sesini eşitmediler.
10Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?" diýdim. Reb hem maňa: „Tur, Şama git, etmeli zatlaryň bary şol ýerde saňa aýdylar" diýdi.
11Ýaňky nuruň ýalkymy sebäpli görmez bolanym üçin, ýanymdakylar elimden tutup itdiler; şeýlelikde, Şama geldim.
12Mukaddes Kanun boýunça takwa bolup, Şamda oturan bütin ýehudylar arasynda ýagşy ady bolan Hananýa atly bir adam ýanyma geldi.
13Ol durup maňa: „Saul dogan! Gözüň açylsyn" diýdi. Men şol pursatda gözümi açyp, ony gördüm.
14Hananýa ýene şeýle diýdi: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy Öz islegini bilmegiň, Adyly görüp-de, agzyndan bir ses eşitmegiň üçin seni öňünden belläp goýdy.
15Çünki sen gören, eşiden zatlaryň barada bütin adamlaryň öňünde Oňa güwä geçmelisiň.
16Indi näme gijikdirýärsiň? Tur, çokundyryl, Ony çagyr-da, günäleriňden saplan".
17Men Iýerusalime öwrülip gelip, ybadathanada doga edip otyrkam, özümi ýitirme ýagdaýyna düşdüm.
18Ony gördüm, Ol maňa: „Tiz bol-da, çalt Iýerusalimden git, çünki olar seniň Men hakda güwäligiňi kabul etmezler" diýdi.
19Men şeýle diýdim: „Ýa Reb, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussaga atyp, ýenjenimi bilýärler.
20Seniň şaýadyň Stefanusyň gany dökülende, men hem şol ýerde durdum, bu işi oňladym, ony öldürenleriň egin-eşigini sakladym".
21Ol maňa: „Bar, Men seni uzakdaky milletlere ýollajak"» diýdi.
22Olar şu söze deňeç ony diňlediler, onsoň seslerini gataldyp: «Beýle adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Munuň diri galmagy gelşikli däl» diýdiler.
23Olar şeýle gygyryşyp, egin-eşiklerini zyňyp, howa tozan sowrup durkalar,
24müňbaşy märekäniň näme üçin Pawlusa gygyryşýandygyny bilmek üçin, onuň gala äkidilip, dürre bilen soraga çekilmegini buýurdy.
25Ony gaýyş çekiler bilen baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşa: «Rimli hem-de höküm edilmedik bir adamy dürrelemäge hakyňyz barmy?» diýdi.
26Ýüzbaşy muny eşidende baryp, müňbaşa habar berip: «Bu etjek bolýanyň näme? Bu adam rimli» diýdi.
27Şonda müňbaşy Pawlusyň ýanyna gelip: «Maňa aýt, sen rimlimi?» diýip, ondan sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi.
28Müňbaşy: «Men bu hukugy kän pul bilen edindim» diýdi. Pawlus: «Emma men rimli bolup doguldym» diýdi.
29Şeýlelikde, ony soraga çekjek bolup duranlar derrew ýanyndan çekildiler; müňbaşy hem Pawlusyň rimlidigini bilende gorkdy, çünki ony baglapdy.
30Ol ertesi gün ýehudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandygyny takyk bilmek üçin, ony çözdi, baş ruhanylar bilen bütin mejlise hem ýygnanmagy buýurdy. Onsoň Pawlusy getirip, olaryň garşysynda duruzdy.