Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Pawlus mejlise nazaryny dikip: «Eý doganlar! Men Hudaýyň öňünde şu güne çenli sap wyždan bilen gezdim» diýdi.
2Baş ruhany Hananýa ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy.
3Pawlus oňa şeýle diýdi: «Eý agardylan diwar! Seni Hudaý urar! Meniň üstümden Mukaddes Kanun boýunça höküm çykarmak üçin otyrsyň, özüň bolsaň kanundan çykyp, meni urmagy buýurýarsyň».
4Baş ruhanynyň ýanynda duranlar: «Näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna sögýärsiň?» diýip, ondan soradylar.
5Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmeýärdim; çünki: „Öz halkyň baştutanyna hapa söz aýtma" diýip ýazylgydyr» diýdi.
6Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýlerden, beýlekisiniň hem fariseýlerdendigini bilip: «Eý doganlar, men fariseý ogly fariseýdirin; meniň üstümden ölüleriň direlme umydy üçin höküm çykarylýar!» diýip, mejlisde gygyrdy.
7Ol muny aýdanda, fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, jemagat ikä bölündi.
8Sebäbi saddukeýler ne direlme, ne perişde, ne-de ruh bar diýýärler, fariseýler bolsa hemmesine ynanýarlar.
9Şeýlelikde, uly galmagal turdy, fariseýler mezhebinden bolan käbir kanunçylar ýokary turdular-da, dawalaşyp: «Biz bu adamda hiç bir erbetlik görmeýäris. Eger bir ruh ýa bir perişde onuň bilen gepleşen bolsa, onda Hudaýa garşy göreşmäliň» diýdiler.
10Agzalalyk ula ýazanda, olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder eden müňbaşy esgerlere aşak düşüp, ony olaryň arasyndan zor bilen alyp, gala äkitmegi buýurdy.
11Şol gije Reb Pawlusyň ýanyna gelip, oňa: «Batyr bol! Çünki sen Men barada Iýerusalimde nähili güwä geçen bolsaň, Rimde-de şeýle güwä geçmelisiň» diýdi.
12Ertesi gün ýehudylar biri-birleri bilen dil birikdirip: «Pawulsy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun» diýip kasam etdiler.
13Bu dildüwşüge gatnaşanlaryň sany kyrkdan hem köpdi.
14Olar baş ruhanylaryň, ýaşulularyň ýanyna gelip şeýle diýdiler: «Biz Pawlusy öldürýänçäk bir zat datsak, bize lagnat bolsun diýip kasam etdik.
15Şeýlelikde siz mejlis bilen bilelikde Pawlusyň işine has takyk garamak bahanasy bilen, Pawlusy ýanyňyza getirmegini müňbaşydan haýyş ediň; biz-de gelip ýetmänkä, ony öldürmäge taýyn».
16Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi.
17Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, çünki oňa habar bermeli zady bar» diýdi.
18Şeýlelikde, ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi we: «Tussag Pawlus meni ýanyna çagyryp, şu ýigidi saňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi.
19Müňbaşy ýigidiň elinden tutup, bir gyra çekildi we ondan: «Maňa habar bermeli zadyň näme?» diýip sorady.
20Ol şeýle jogap berdi: «Ýehudylar Pawlusyň işini has takyk barlamak bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler.
21Ýöne sen olara gulak asma, çünki olaryň kyrkdan gowrak adamy Pawlusa bukuda garaşýar, olar Pawlusy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun diýip kasam etdiler. Şindi olar taýýar, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».
22Müňbaşy: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtma» diýip tabşyryp, ýigidi ugratdy.
23Onsoň ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp, şeýle tabşyryk berdi: «Gije sagat üçde Kaýsariýa gitmek üçin iki ýüz esger, ýetmiş atly, iki ýüz naýzadar taýynlaň.
24Pawlusy mündürip, sag-aman häkim Felikse gowşurar ýaly-da, ulaglar taýýarlaň».
25Onsoň müňbaşy şeýle hat ýazdy:
26Klawdius Lisiýas hormatly häkim Felikse salam aýdýar.
27Ýehudylar bu adamy tutup, öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony olaryň elinden halas etdim.
28Ony nämede aýyplaýanlaryny bilmek isläp, olaryň mejlisiniň öňüne çykardym.
29Ony öz kanunlary baradaky jedelli pikirler üçin aýyplaýandyklaryny bildim, ýöne ondan ölüme ýa tussaglyga mynasyp bir ýazyk tapmadym.
30Bu adamyň janyna ýehudylaryň kast etjek bolýandygy maňa habar berlende bolsa, ony derrew saňa ýollap, şikaýatçylara-da şikaýatlaryny seniň huzuryňda aýtmaklaryny buýurdym. Hoş gal».
31Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler.
32Ertesi gün hem atlylary onuň bilen ugradyp, özleri yzlaryna gala gaýtdylar.
33Atlylar Kaýsariýa gelip, haty häkime berdiler-de, Pawlusy onuň huzuryna çykardylar.
34Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady; onuň Kilikiýadandygyny bilende bolsa:
35«Seni şikaýatçylaryň gelende diňlärin» diýdi-de, ony Hirodes saraýynda saklamagy buýurdy.