Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Bäş günden soň, baş ruhany Hananýa ýaşulular we Tertullus atly bir garalawjy bilen geldi; bular häkime Pawlus barada şikaýat etdiler.
2Pawlusy çagyrdylar. Tertullus ony aýyplamaga başlap diýdi:
3Eý hormatly Feliks, seniň saýaňda uly parahatlyga gowşandygymyzy, seniň aladaň arkaly bu millet üçin çäreleriň görlendigini, biz hemişe we her ýerde uly minnetdarlyk bilen boýun alýarys.
4Emma seni köp güýmemezlik üçin, özüňe mahsus mylakatlylygyň bilen, bizi sähelçe diňlemegiňi haýyş edýärin.
5Biz bu adamy başymyza inen bela hem-de Ýer ýüzündäki bütin ýehudylar arasynda topalaňçy we nasyraly mezhebiniň baştutanlarynyň biri diýip bilýäris.
6Ol ybadathanany-da haramlamaga çalyşdy. Biz ony tutduk. Öz kanunymyz esasynda onuň üstünden höküm çykarmak isledik.
7Ýöne müňbaşy Lisiýas gelip, uly zorluk bilen ony elimizden aldy.
8Onuň şikaýatçylaryna seniň huzuryňa gelmegi buýurdy. Seniň özüň hem ony soraga çekip, biziň ony aýyplaýan zatlarymyzyň barynyň anygyna ýetip bilersiň».
9Ýehudylar hem munuň şeýledigini tassyklap, Pawlusa gönükdirlen bu aýyplamalara goşuldylar.
10Häkim geple diýip, Pawlusa ümläninde, Pawlus şeýle jogap berdi: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň kazysydygyňy bilýänligim üçin, özümi begenç bilen gorajak.
11Meniň Iýerusalime ybadat etmäge gidenime on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň.
12Olar meniň ne ybadathanada, ne sinagogalarda, ne şäherde biri bilen jedelleşip duranymy, ne-de halky aýaga galdyranymy gördüler.
13Bular maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler.
14Ýöne şuny saňa ykrar edýärin: men Mukaddes Kanun esasyndaky her bir zada, pygamberler kitabynda ýazylanlaryň ählisine iman edip, bularyň azgyn mezhep diýýän Ýoly boýunça ata-babalarymyň Hudaýyna hyzmat edýärin.
15Bularyň özüniň hem kabul edişi ýaly, hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlmegini Hudaýdan umyt edýärin.
16Şonuň üçin hem Hudaýyň, hem-de adamlaryň öňünde elmydam sap wyždanly bolmaga çalyşýaryn.
17Men köp ýyldan soň milletime sadaka, gurbanlyk bermäge geldim.
18Bu zatlar bilen gümra bolup ýörkäm, meni täretli ýagdaýda ybadathanada gördüler; ne üýşmeleň, ne-de başagaýlyk bardy.
19Ýöne ol ýerde Aziýadan bolan käbir ýehudylar bardy. Olaryň-da maňa garşy bir zatlary bolan bolsa, şu ýerde seniň huzuryňda durup, meni aýyplamaklary gerekdi.
20Mejlisiň öňünde duranymda, menden näme ýazyk tapan bolsalar, goý, bularyň özleri aýtsyn.
21Şeýle bolsa, olaryň ortasynda durkam: „Bu gün ölüleriň direlmegi hakda siziň huzuryňyzda meniň üstümden höküm çykarylýar" diýip aýdan şu ýekeje sözüm üçindir».
22Mesih ýoly hakda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelende karar çykararyn» diýdi.
23Onsoň ýüzbaşa Pawlusy saklap, oňa ýeňillik bermegi, oňa garaşyk etmekleri üçin, dostlarynyň ýanyna gelmegini bökdemezligi buýurdy.
24Birnäçe günden soň bolsa Feliks öz ýehudy aýaly Deusilla bilen geldi-de, Pawlusy getirdip, onuň Mesihe iman hakda aýdýan gürrüňlerini diňledi.
25Pawlus dogrulyk, nebsiňe buýurma hem geljek höküm hakda gürrüň berende, Feliks gorkup: «Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn» diýdi.
26Şol bir wagtda-da boşadylmagy üçin Pawlus özüne pul berer diýip umyt edýärdi. Şonuň üçin hem Pawlusy ýygy-ýygydan çagyryp, onuň bilen söhbet edýärdi.
27Şeýlelikde, iki ýyl geçip, Feliksiň ýerine Porkius Festus geldi. Feliks ýehudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy zyndanda galdyryp gitdi.