Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Festus welaýata gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.
2Baş ruhanylar bilen ýehudylaryň ululary oňa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.
3Ondan haraý isläp, Pawlusy Iýerusalime getirtmegi haýyş etdiler. Olar buky gurap, Pawlusy ýolda öldürmegiň niýetindediler.
4Festus Pawlusyň Kaýsariýada zyndandadygyny, özüniň bolsa basym ol ýere gitjekdigini aýtdy.
5Onsoň: «Araňyzdaky sözi ötýän adamlar meniň bilen gelip, ol adamyň ýazykly ýeri bar bolsa, ony aýyplasynlar» diýdi.
6Ol olaryň arasynda sekiz-on günden artyk galman, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.
7Pawlus gelende, Iýerusalimden baran ýehudylar onuň daşyny alyp, oňa subut edip bilmedik köp hem agyr aýyplaryny ýöňkediler.
8Pawlus özüni gorap: «Men ne ýehudylaryň kanunyna, ne ybadathana, ne-de kaýsara garşy günä etdim» diýdi.
9Festus ýehudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusa: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda üstüňden höküm çykarmagymy isleýärsiňmi?» diýdi.
10Emma Pawlus şeýle diýdi: «Men kaýsaryň höküm kürsüsi öňünde durun, meniň üstümden şu ýerde höküm çykarylmalydyr; men ýehudylara hiç bir ýamanlyk edemok, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.
11Men ýamanlyk eden bolsam ýa ölüme mynasyp etmiş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn; bularyň maňa ýöňkeýän aýyplary esassyz bolsa, onda hiç kim meni bularyň eline berip bilmez. Men dawamy kaýsara arz edýärin».
12Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaňy kaýsara arz etdiň, kaýsara-da gidersiň» diýdi.
13Birnäçe gün geçenden soň, Agrippa patyşa bilen Beriniki Kaýsariýa, Festusa salama geldiler.
14Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berip, şeýle diýdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.
15Men Iýerusalimdekäm, ýehudylaryň baş ruhanylary, ýaşululary oňa garşy höküm sorap, onuň üstünden şikaýat etdiler.
16Men olara: „Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirmän, oňa ýöňkelýän aýyp barada özüni goramaga pursat bermän, höküm etmek rimlileriň adaty däldir" diýip jogap berdim.
17Olar bu ýere üýşenlerinde bolsa eglemän, ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, ol adamyň getirilmegini buýurdym.
18Ýöne şikaýatçylar galanlarynda, meniň oslan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler.
19Olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölen, ýöne Pawlusyň diri diýýän şahsy hakda käbir jedelleri bar eken.
20Men bu zatlar baradaky jedelden aljyrap, ondan: „Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüňe höküm edilmegini isleýärsiňmi?" diýip soradym.
21Ýöne Pawlus dawasyny Awgustusyň hökümine saklamagy haýyş edensoň, kaýsara ýollaýançam, ony tussaglykda saklamagy buýurdym».
22Agrippa Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Ol-da: «Ertir ony diňlärsiň» diýdi.
23Ertesi gün Agrippa, Berniki uly dabarada gelip, müňbaşylar, şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde zala girenlerinde, Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.
24Festus şeýle diýdi: «Eý, Agrippa patyşa we şu ýerdäki ähli adamlar! Siz bu adamy görýärsiňiz; hem Iýerusalimde, hem-de şu ýerde ähli ýehudy jemagaty maňa ondan şikaýat edip: „Ol mundan artyk diri galmaly däl!" diýip gygyryşdylar.
25Emma men onuň ölüme mynasyp iş edenini tapmanym üçin, özüniň hem dawasyny Awgustusa arz edeni üçin, ony ýollamagy karar etdim.
26Ol hakda tagsyra ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de derňew geçirilenden soň, ýazmaga bir zadym bolsun diýip, ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý Agrippa patyşa, seniň huzuryňa çykardym.
27Sebäbi, bir tussagy ýollap, oňa ýöňkelýän aýyplary bildirmezlik maňa manysyz görünýär».