Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Agrippa patyşa Pawlusa: «Saňa özüňi gorap geplemäge rugsatdyr» diýdi. Ine, şonda Pawlus elini uzadyp, özüni goramaga durdy:
2Eý Agrippa patyşa! Ýehudylaryň meni aýyplaýan bütin zatlary babatda özümi bu gün seniň öňüňde goramalydygym üçin men özümi bagtly saýýaryn.
3Çünki, ýehudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden seniň habaryň bar. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.
4Meniň öz milletimiň arasynda, Iýerusalimde geçen durmuşymy başlangyçdan, ýaşlygymdan bäri bütin ýehudylar bilýärler.
5Güwä geçmek isleýän bolsalar, meni köp wagtdan bäri tanaýarlar. Men dinimiziň iň berk mezhebi boýunça fariseý bolup ýaşadym.
6Şindi hem Hudaý tarapyndan ata-babalarymyza berlen wada umyt baglanym üçin diwan öňünde durun.
7Halkymyzyň on iki taýpasy gije-gündiz Hudaýa yhlasly gulluk edip, bu wada ýetmegi umyt edýär. Eý patyşa, men şu umyt üçin ýehudylar tarapyndan aýyplanýaryn.
8Hudaýyň ölüleri direltmegi näme üçin sizde bolmajak zat saýylýar?
9Dogrusy, Nasyraly Isanyň adyna garşy köp zatlary etmegi men öz ýanymdan wajyp bilýärdim.
10Muny-da Iýerusalimde etdim; baş ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndanlara saldym, öldürilmeli bolanlarynda ses berdim.
11Olary bütin sinagogalarda öwran-öwran jezalandyryp, Isa dil ýetirmäge mejbur etdim. Olara garşy çendenaşa guduzlap, olary hatda ýat şäherlere çenli yzarladym.
12Munuň üçin baş ruhanylaryň ygtyýary we ýumşy bilen Şama barýarkam,
13Eý patyşa, günortanlar ýolda Gökden meniň we meniň bilen barýanlaryň daş-töweregini ýagtyldan, Günüň şöhlesinden hem güýçli bir nur gördüm.
14Barymyz ýere ýykylanymyzda, bir ses eşitdim. Ol maňa ýewreý dilinde: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň? Çişe depmek saňa kyndyr" diýdi.
15Men: „Ýa Reb, Sen kimsiň?" diýdim. Reb şeýle diýdi: „Men seniň azar berýän Isaň.
16Hany, dikel-de, aýak üstüne gal; çünki Men saňa gören zatlaryňa hem-de içinde aýan boljak zatlaryma hyzmatkär hem güwä edip bellemek üçin göründim.
17Men seni öz halkyň we başga milletleriň içinden çykaryp halas ederin.
18Olar tümlükden nura, şeýtanyň gol astyndan Hudaýa döner ýaly, şeýle hem Maňa bolan iman bilen günäleri bagyşlanyp, mukaddeslenenleriň arasyndan miras alar ýaly, gözlerini açmak üçin, seni olara ýollaýaryn".
19Eý Agrippa patyşa, şonuň üçin hem men Gökden gelen görnüşe gulak asmazlyk etmedim.
20Ilki Şamdakylary, Iýerusalimde we bütin Ýahuda ýurdundakylary hem-de başga milletleri toba edip, Hudaýa dönmäge, toba mynasyp iş bitirmäge çagyrdym.
21Şonuň üçin ýehudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.
22Indi maňa Hudaýyň hemaýaty nesip bolany üçin, men hem kiçä, hem ula şu güne çenli güwä geçip ýörün. Men pygamberler bilen Musanyň boljagyny aýdan zatlaryndan,
23ýagny Mesihiň görgi görmeli bolandygyndan, ölümden ilkinji direlen hökmünde hem öz halkymyza hem özge milletlere nury yglan etmelidiginden başga hiç zady aýdamok».
24Ol şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni dälilige eltipdir» diýdi.
25Pawlus oňa şeýle jogap berdi: «Eý, hormatly Festus, men dälirämok, diňe hakykat we sagdyn paýhas sözlerini aýdýaryn.
26Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn, sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl.
27Agrippa patyşa! Sen pygamberlere iman edýärsiňmi? Iman edýäniňi bilýärin».
28Agrippa Pawlusa: «Meni az salymyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.
29Pawlus oňa: «Men, az bolsun, köp bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary hem şu zynjyrlarsyz meniň ýaly bolardylar diýip, Hudaýdan dileýärin» diýdi.
30Patyşa, häkim, Berniki we olar bilen oturanlar bu sözleri eşidenlerinde, ýerlerinden galdylar.
31Olar daşaryk çykanlarynda özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga mynasyp bir iş etmändir» diýişdiler.
32Agrippa Festusa: «Ol dawasyny kaýsara arz etmedik bolsady, ony boşatmak bolardy» diýdi.