Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
44 verses
1Gämä münüp, Italiýa gitmegimiz karar edilende, Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Awgustus goşunyndan bolan Ýulius atly ýüzbaşa tabşyrdylar.
2Şeýlelikde, Aziýa welaýatynyň kenarlaryndaky ýerlere barýan Edremit gämisine münüp ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikden bolan makedoniýaly Aristarhos hem bardy.
3Ertesi gün Saýda gelip ýetdik; Pawlusa ynsanperwerlik eden Ýulius oňa öz dostlary garaşyk etsin diýip, olaryň ýanyna gitmegine rugsat etdi.
4Ol ýerden ýola düşüp, Kipriň ygyndan geçdik, çünki ýel garşymyzdandy.
5Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik.
6Ýüzbaşy şol ýerde Italiýa gitjek bolup duran bir Isgenderiýa gämisini tapyp, bizi oňa mündürdi.
7Ençeme günläp assa gidip, zordan Knidosyň deňine baranymyzda, ýel oňaýsyz bolany üçin, Giridiň ygy bilen Salmonäniň deňinden geçdik.
8Kenara golaý ýüzüp, Owadan duralgalar diýen ýere zordan geldik. Onuň golaýynda Lasea şäheri bardy.
9Köp wagt ötüpdi. Hatda oraza hem geçip, indi ýola düşmek hatarly bolany üçin, Pawlus olara nesihat berip:
10«Adamlar! Görýän welin, ýola düşmek diňe ýüke, gämä däl, eýsem, janlarymyza-da azaply, köp zyýanly boljak» diýdi.
11Emma ýüzbaşy Pawlusyň aýdanyna gulak asman, gämiçi bilen gäminiň hojaýynyna ynandy.
12Ýöne duralga gyşlamaga ýaramly bolmany üçin, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden gidip, Giridiň demirgazyk-günbatara we günorta-günbatara bakyp duran duralgasy bolan Fenikse baryp gyşlamagy maslahat bildiler.
13Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, öz maksatlaryna ýetendirler öýdüp, labyry çekdiler-de, Giridiň golaýy bilen ýola düşdüler.
14Ýöne kän wagt geçmänkä, ada tarapdan Ewroklidon diýilýän güýçli ýel turdy.
15Ýel gämä urup, onuň öňünde durmak başartmansoň, ondan el üzüp, şol ugra kowuldyk.
16Klawda diýen bir kiçijik adanyň yk tarapyna ýetenimizde, gaýyga erk etmegi zordan başardyk.
17Gaýygy ýokary çekip, gämini daşyndan tanap bilen berk bagladylar-da, Sirtiň daşly saýlaryna düşmekden gorkup, ýelkeni inderdiler. Şeýdip, ýeliň ugruna kowuldyk.
18Gaýdan ýaňa agyr horluk çekenimiz üçin, ertesi gün gämiden ýük zyňmaga başladylar.
19Üçünji gün gäminiň şaýlaryny-da öz elleri bilen zyňdylar.
20Ençeme günläp Gün, ýyldyz görünmänsoň, güýçli tupan sowulmansoň, iň soňunda gutulma umydymyzy bütinleý ýitirdik.
21Köp wagtlap naharsyz galnansoň, Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Giritden aýrylman, bu azapdyr zyýany çekmeli däldik.
22Ýöne size aýdýaryn, arkaýyn boluň, çünki siziň araňyzda heläk boljak adam ýok, diňe gämi dargajak.
23Sebäbi Özüniňki bolup, Özüne gulluk edýän Hudaýymyň bir perişdesi öten agşam ýanymda durup:
24„Gorkma, Pawlus. Sen kaýsaryň öňünde durmalysyň. Hudaý seniň bilen barýanlaryň baryny, ine, saňa bagyşlady" diýdi.
25Şonuň üçin, adamlar, arkaýyn boluň, özüme aýdylyşy ýaly boljakdygyna meniň Hudaýa ynamym bar.
26Ýöne biz bir ada düşmelidiris».
27On dördünji gije gelende, biz Adriatik deňzinde her ýana kowlup ýörkäk, ýarygije töwerekleri deňizçiler gury ýeriň ýakynlaşýandygyny çakladylar.
28Çuňlugy ölçänlerinde, ýigrimi gulaç çykdy; biraz ilerlänlerinden soň, ýene ölçänlerinde, on bäş gulaç çykdy.
29Gaýalyga düşmekden gorkup, arka tarapdan dört labyr atdylar-da, gündiz bolsun diýip doga etdiler.
30Deňizçiler gämiden gaçjak bolup, öň tarapdan labyr atmak bahanasy bilen, gaýygy deňze inderenlerinde,
31Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz gutulyp bilmersiňiz» diýdi.
32Şeýlelikde, esgerler gaýygyň tanaplaryny kesip, ony aşak gaçyrdylar.
33Daň saz berip barýarka, Pawlus naharlanmaklary üçin, hemmelere ýalbaryp, şeýle diýdi: «Hiç zat iýmän, garaşyp, naharsyz galanyňyza şu gün on dört gün boldy.
34Munuň üçin, haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň gutulmagyňyz üçindir, çünki hiç biriňiziň başyňyzdan bir tüý-de kemelmez».
35Ol muny aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.
36Şeýlelikde, hemmeler arkaýynlaşyp, naharlandylar.
37Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy.
38Nahardan doýanlaryndan soň, bugdaýy deňze döküp, gämini ýeňletdiler.
39Gün doganda, ol ýeri tanamadylar; onsoň kenary çägelik bir aýlag görüp, başartsa, gämini şol ýere sürmeli diýen karara geldiler.
40Labyrlary kesip, deňze goýberen batlaryna, ruluň tanaplaryny çözdüler-de, öňdäki ýelkeni ýele galdyryp, göni kenara ugradylar.
41Onsoň bir burna düşüp, gämini saýa çykardylar. Gäminiň başy batyp, gymyldysyz galdy, arka tarapy bolsa gomlaryň zoruna dargap başlady.
42Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmegiň niýetindediler.
43Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary niýetlerinden dändirdi. Onsoň ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar,
44galanlary hem käsi tagtalar, käsi-de gäminiň döwükleri bilen gury ýere çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi gury ýere çykyp gutuldylar.