Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
37 verses
1Olar halka gürrüň berip durkalar, ruhanylar, ybadathananyň serkerdesi we saddukeýler olaryň üstüne döküldiler.
2Olar gaharlydylar, sebäbi resullar halka sapak berip, Isanyň (mysalynda) ölüleriň direlişini yglan edýärdiler.
3Olara el urdular, ertire çenli tussaga saldylar; çünki eýýäm agşam bolupdy.
4Emma sözi eşidenleriň köpüsi iman etdi; iman edenleriň sany bäş müňe golaýlady.
5Şol günüň ertesi olaryň başlyklary, ýaşululary we kanunçylary Iýerusalime ýygnandylar.
6Baş ruhany Hanna we Kaýafa, Ýahýa we Isgender hem-de baş ruhanynyň urugyndan bolanlaryň bary şol ýerdediler.
7Olary ortada durzup: «Siz muny haýsy güýç, haýsy at bilen etdiňiz?» diýip soradylar.
8Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşululary!
9Biz bu gün bir maýyp adama edilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak,
10onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni Nasyraly Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur.
11Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy.
12Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur».
13Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler.
14Şypa tapan adamyň hem olar bilen duranyny görüp, munuň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler.
15Şeýlelikde, olara mejlisden daşaryk çykmagy buýurdylar-da, özara geňeşip, şeýle diýdiler:
16«Bu adamlara näme edeli? Çünki bular arkaly göze ilginç alamatyň ýüze çykanyny bütin Iýerusalim ilaty bilýär, biz muny inkär edip bilmeris.
17Ýöne munuň halk arasyna mundan artyk ýaýramazlygy üçin, mundan beýläk bu at bilen hiç kime hiç zat aýtmazlary ýaly, olara haýbat atalyň».
18Onsoň olary çagyryp, Isanyň adyndan geplemezligi we öwretmezligi tabşyrdylar.
19Emma Petrus bilen Ýahýa olara şeýle gaýtargy berdiler: «Size Hudaýa gulak asandan hem artyk gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň!
20Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl».
21Olar ýene-de haýbat atyp, ýöne halk zerarly temmi bermegiň çäresini tapman, olary boşatdylar, çünki hemmeler bolan iş üçin Hudaýy şöhratlandyrýardylar.
22Sebäbi bu şypa keramaty ýaşy kyrkdan agan bir adamda ýüze çykypdy.
23Olar boşadylandan soň, özleriniňkilere gelip, baş ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny habar berdiler.
24Muny eşidenlerinde, olar agzybirlik bilen seslerini gataldyp, Hudaýa, ine, şeýle diýdiler: «Eý Baýar! Gögi, Ýeri, deňzi we onuň içindäki ähli zady ýaradan Hudaý Sensiň,
25Sen Öz guluň Dawudyň agzy bilen şeýle diýdiň: „Näme sebäpden milletler bulagaýçylyk turuzdy, halklar puç zatlaryň küýüne düşdi?
26Näme sebäpden ýer ýüzüniň patyşalary aýaga galdylar, hökümdarlar Rebbe garşy, Onuň Mesihine garşy ýygnanyşdylar?"
27Çünki, hakykatdan-da, şu şäherde Hirodes we Pontius Pilatus özge milletler we Ysraýyl halky bilen bilelikde Seniň wezipä bellän mukaddes Guluň Isa garşydyr.
28Olar Seniň eliňiň, islegiňiň ýüze çykmagyny öňünden bellänleriniň baryny amala aşyrmak üçin ýygnanyşdylar.
29Ýa Reb, indi olaryň howp salyşlaryna seret, gullaryňa batyrlyk bilen Öz sözüňi sözlemäge gaýrat ber.
30Öz mukaddes Guluň Isanyň ady bilen şypalaryň, alamatlaryň we gudratlaryň döremegi üçin eliňi uzat!»
31Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar.
32Iman eden halaýyk bir ýürek we bir jandy, biri-de öz malyndan bolan bir zada meniňki diýmeýärdi, bar zatlary ortakdy.
33Resullar uly güýç bilen, Reb Isa Mesihiň direlişine güwä geçýärdiler. Barynyň üstünde uly merhemet bardy.
34Aralarynda mätäç kişi ýokdy. Sebäbi ýerli, öýli bolanlaryň ählisi olary satýardylar. Satylan zatlaryň bahasyny bolsa getirip,
35resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.
36Resullaryň Barnabas («Göwünlik Ogly») lakamyny bereni, kiprli lewili Ýusubyň hem
37bir mellegi bardy. Ýusup ony satdy-da, puluny getirip, resullaryň öňünde goýdy.