Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Bir gün günortandan üç sagat soň ― doga wagtynda Petrus bilen Ýahýa ikisi ybadathana gitdi.
2Dogabitdi otura birini her gün göterip, ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturdýardylar. Ol ybadathana girýänlerden sadaka dileýärdi.
3Bu adam Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi.
4Petrus bilen Ýahýanyň oňa gözleri düşdi. Petrus oňa garap: «Bize seret!» diýdi.
5Ýaňky adam olardan bir zat hantama bolup, olara çiňerilip seretdi.
6Petrus oňa şeýle diýdi: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne öz barymy saňa berýärin: Nasyraly Isa Mesihiň adyndan: Ýöre!»
7Onsoň sag elinden tutup, ol ony galdyrdy. Şobada hem ýaňky adamyň aýaklaryna, topuklaryna ysgyn geldi.
8Ol ýokary towusdy-da, dik durup, ýöräp başlady. Gezmeläp, towsup, Hudaýa alkyş okap, olar bilen birlikde ybadathana girdi.
9Bütin halk onuň ýöräp, Hudaýa alkyş okap ýörenini gördi.
10Onuň sadaka dilemek üçin ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturýan adamdygyny tanadylar, onuň başyndan geçen işe haýran galdylar.
11Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýahýany goýbermän durka, bütin halk geňirgenişip, olara tarap, Süleýmanyň Eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi.
12Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Näme üçin muňa geňirgenişýärsiňiz? Biz muny öz güýjümiz ýa takwalygymyz bilen ýöreden ýaly, näme üçin bize bakyşyp dursuňyz?
13Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy, biziň atalarymyzyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Ony siz ölüme tabşyrdyňyz, Pilatus Ony boşatmagy ýüregine düwende, onuň öňünde siz Ony inkär etdiňiz.
14Mukaddes we dogry Adamy inkär edip, bir adam öldürijiniň özüňize bagyşlanmagyny talap etdiňiz.
15Ýaşaýyş Başlygyny öldürdiňiz; ýöne Hudaý Ony direltdi, muňa biz güwä geçýäris.
16Siziň görýän, tanaýan şu adamyňyz Isa bolan öz ynamy arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Bu adama kuwwat beren zat onuň Isa bolan ynamydyr.
17Eý doganlar, men siziň-de öz başlyklaryňyz ýaly, muny bilmezlikden edendigiňizi bilýärin.
18Ýöne Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi baradaky ähli pygamberler arkaly öňünden aýdanlaryny şeýle ýerine ýetirdi.
19Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň, dönüň.
20Şeýlelikde, Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geler, Ol siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollar.
21Hudaýyň gadymdan mukaddes pygamberler arkaly aýdanlarynyň barynyň gaýtadan tertip-düzgüne salynjak wagtyna çenli Gök Ony kabul etmelidir.
22Çünki Musa atalarymyza şeýle diýipdi: „Reb Hudaý size öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber döretjekdir. Onuň ähli diýjeklerine gulak asyň.
23Şol Pygambere gulak asmadyk her jan halk arasyndan ýok ediler".
24Samuýelden başlap, ähli pygamberler, geplänleriň bary şu günleri habar berdiler.
25Siz pygamberleriň ogullarysyňyz, Hudaýyň Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli uruglary seniň nesliňden bereket tapar!" diýip, ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň ogullarysyňyz.
26Hudaý Öz saýlan guly Isany siziň her biriňizi ýaman päliňizden gaýtarsyn, size bereket bersin diýip direltdi, Ony ilki bilen size ýollady».