Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
47 verses
1Pentikost güni gelende, olaryň bary bir ýere ýygnanyşdylar.
2Birden asmanda güýçli ýeliň sesine çalymdaş ses peýda bolup, ol olaryň oturan öýlerini bütinleý doldurdy.
3Olara oduň ýalynlary kimin bölnen diller aýan bolup, olaryň her biriniň üstüne gondy.
4Olaryň bary Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä, başga dillerde gepläp başladylar.
5Iýerusalimde ýehudylar, Gök astyndaky her milletden bolan Hudaýdan gorkýan adamlar galýardy.
6Bu ses gelende, halaýyk bir ýere ýygnandy. Olar haýran galdylar, çünki resullaryň aýdýan sözlerini olaryň hersi öz dilinde eşidýärdi.
7Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme?
8Onda biziň her birimiz nähili öz ene dilimizi eşidýäris?
9Biz ― parfiýalylar, midiýalylar, eýlamlylar, Mesopotamiýada, Ýahudada, Kappadokiýada, Pontusda we Aziýada,
10Firikiýada we Pamfiliýada ýaşaýanlar, şeýle hem Müsüriň, Libiýanyň we Kirinäniň töwereginde ýaşaýanlar, rimli myhmanlar, ýehudylar we ýehudy dinine geçenler,
11kiritliler, araplar bolup, olaryň öz dilimizde Hudaýyň uly işlerini gürrüň berişlerini eşidýäris».
12Olaryň bary haýran galdylar we aljyrap: «Bu näme boldugy?» diýişdiler.
13Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar täze şerapdan julk bolupdyr» diýdi.
14Ine, şonda Petrus Onbirler bilen birlikde ýokary turdy-da, sesini gataldyp, olara ýüzlendi: «Eý ýahudaly adamlar we bütin Iýerusalim ilaty! Bu size belli bolsun, meniň sözlerime gulak asyň.
15Bular siziň güman edişiňiz ýaly, serhoş däl, sebäbi heniz gün guşluk hem bolanok.
16Ýöne bu Ioel pygamberiň aýdanydyr:
17„Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin. Siziň ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer.
18Şol günlerde Ruhumdan gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne dökerin, olar hem pygamberlik eder.
19Ýokarda ― Gökde gudratlar, aşakda ― ýer ýüzünde alamatlar, gan, ot we tüsse buguny görkezerin.
20Rebbiň uly, dabaraly güni gelmezden ozal, Gün ― tümlüge, Aý gana döner.
21Onsoň Rebbi çagyran adam gutular".
22Eý ysraýyllylar, bu sözleri diňläň! Nasyraly Isa Özi arkaly Hudaýyň araňyzda döreden gudratlary, mugjyzalary we alamatlary bilen size Hudaý tarapyndan tassyklanan bir adamdy. Öz bilşiňiz ýaly,
23Hudaýyň berk islegi, öňünden bilmegi bilen eliňize berlen bu adamy siz kanunsyzlaryň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.
24Emma Hudaý ölüm agyrylaryny çözüp, Ony direltdi, sebäbi ölümiň Ony saklamagy mümkin däldi.
25Çünki Dawut Ol barada şeýle diýýär: „Rebbi elmydama garşymda gördüm, çünki men endiremez ýaly, Ol sagymdadyr.
26Şonuň üçin göwnüm galkyndy, dilim şatlandy; tenim hem umytda ýaşar.
27Çünki Sen janymy ölüler diýarynda goýmarsyň, Öz Mukaddesiň çüýremegine razy bolmarsyň.
28Sen Maňa ýaşaýyş ýollaryny görkezdiň. Meni Öz huzuryňda şatlykdan doldurarsyň".
29Doganlar! Men uly atamyz Dawut hakda size açygyny sözlesem, ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa şu güne çenli aramyzda dur.
30Ýöne ol pygamber bolanlygy üçin we Hudaýyň oňa beden boýunça öz zürýadyndan bolan Mesihi çykaryp, tagty üstünde oturtjakdygyna ant içip, wada edendigini bilenligi üçin,
31muny öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýdi: „Ol ne ölüler diýarynda goýuldy, ne-de teni çüýredi".
32Isany Hudaý direltdi; muňa biziň barymyz şaýatdyrys.
33Isa Hudaýyň sagyna galdyrylandan we wada edilen Mukaddes Ruhy Atadan alandan soň, siziň bu görýän, eşidýän zatlaryňyzy dökdi.
34Çünki Dawut Göge çykanok; onuň özi şeýle diýýär: „Reb Rebbime diýdi:
35Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur".
36Şeýlelik bilen, bütin Ysraýyl öýi siziň haça çüýlän bu Isaňyzy Hudaýyň hem Reb, hem-de Mesih edenini äşgär bilsin».
37Muny eşidenlerinde, ýüreklerinde sanjy döräp, Petrus we beýleki resullara: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýdiler.
38Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz.
39Çünki wada siziň özüňiz, çagalaryňyz, uzakda bolanlaryň ählisi, şeýle hem Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň hemmesi üçindir».
40Ýene-de köp sözler bilen şaýatlyk etdi we: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip öwüt berdi.
41Onuň sözüni begenç bilen unanlar çokundyrylyp, şol günde olara üç müňe golaý adam goşuldy.
42Resullaryň nesihatlaryny diňlemek, çörek bölmek, ýakyn aragatnaşykda bolmak we doga okamak bilen olar wagtlaryny geçirýärdiler.
43Hemmeleriň janyna gorky aralaşypdy. Resullar arkaly köp gudratlar, alamatlar görkezilýärdi.
44Iman edenleriň bary bilediler, olaryň ähli zatlary ortadady.
45Olar mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä, öz aralarynda bölüşerdiler.
46Bir adam ýaly bolup, her gün ybadathana ýygnanardylar, öýden-öýe çörek bölüşip, guwanç, akýüreklilik bilen nahar edinerdiler.
47Hudaýa alkyş okap, bütin il ýanynda eziz görlerdiler. Hudaý hem gutulanlaryň sanyny günsaýyn köpelderdi.