Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Eý Teofilus! Men ilkinji kitabymy Isanyň Öz saýlan resullaryna Mukaddes Ruh arkaly buýruk bereninden soň, Onuň tä Göge alnan gününe çenli etmäge we öwretmäge başlan ähli zatlary hakda ýazdym.
3Ol görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi.
4Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: «Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň. Siz ol wadany menden eşitdiňiz.
5Çünki Ýahýa suw bilen çokundyrdy, ýöne siz ýene birnäçe günden Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz».
6Indi bular özara ýygnanyşanlarynda Ondan soradylar: «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmi?»
7Isa olara şeýle diýdi: «Atanyň Öz ygtyýaryna tabyn eden wagt ýa möwsümlerini bilmek siziň işiňiz däl.
8Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz».
9Isa bulary aýdandan soň, olaryň gözleriniň alnynda ýokary galdyryldy, bir bulut Ony olaryň nazaryndan gizledi.
10Ol barýarka, olar hem Göge bakyşyp durkalar, ine, ýanlarynda egni ak eşikli iki adam durup, şeýle diýdiler:
11«Eý, jelileli adamlar! Nämä bu ýerde Göge bakyşyp dursuňyz? Isa Göge alyndy. Ol gidişi ýaly, gaýdyp hem geler».
12Ine, şonda olar Zeýtun dagy diýen dagdan Iýerusalime öwrüldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir sabat günlük ýoldur.
13Şähere girenlerinde Petrus, Ýahýa, Ýakup, Andreas, Filipus, Tomas, Bartolomeus, Matta, Alfeusyň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubuň ogly Iuda öz bolýan balahanalaryna çykdylar.
14Bularyň bary aýallar, Isanyň ejesi Merem we Onuň doganlary bilen bile bir adam ýaly bolup, üznüksiz doga we dileg edýärdiler.
15Şol günlerde Petrus sany ýüz ýigrimä golaý bolan doganlaryň ortasynda ýokary turup, şeýle diýdi:
16«Eý doganlar! Isany tutanlara ýolbaşçylyk eden Iuda hakda Mukaddes Ruhuň Dawudyň agzy bilen ozaldan bildiren ýazgysy berjaý bolmalydy.
17Çünki ol bizden saýylyp, bu gullukdan paý aldy.
18Bu adam ýamanlyk muzdy bilen bir ekin meýdanyny satyn aldy. Soň ýere ýüzin ýykylyp, ortadan iki ýaryldy, bütin içegeleri döküldi.
19Bu ähli Iýerusalim ilatyna belli boldy; şoňa görä-de ol ekin meýdanyna öz dillerinde „Hakeldama", ýagny „Gan meýdany" diýdiler.)
20Çünki Zebur kitabynda: „Onuň mesgeni çolarsyn, içinde ýaşan bolmasyn, wezipesini başga biri alsyn" diýip ýazylgydyr.
21Munuň üçin Reb Isanyň biziň aramyzda girip-çykan bütin zamanynyň dowamynda,
22Ýahýanyň çokundyrmasyndan başlap, tä Onuň bizden ýokary alnan gününe çenli bize hemra bolan adamlaryň biri Onuň direlişine biziň bilen birlikde güwä geçsin».
23Şeýlelikde, iki adamy, lakamy Ýustus bolup, Barsaba diýilýän Ýusup bilen Mattiýasy teklip etdiler.
24Onsoň doga edip diýdiler: «Eý hemmäniň ýüregini bilýän Hudaý! Bu ikisinden haýsysyny saýlan bolsaň, görkez;
25ol Iudanyň öz ýerine gitmek üçin terk eden bu gulluk we resullyk paýyny alsyn».
26Olar üçin bije atdylar; bije Mattiýasa düşüp, ol on bir resuluň hataryna girdi.