Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Bulardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda peýda bolup, ýene şägirtlerine göründi. Ol Özüni şeýle görkezdi:
2Simun Petrus, Ekiz diýilýän Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bilelikdediler.
3Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da oňa: «Biz-de seniň bilen gitjek» diýdiler. Baryp, gaýyga mündüler, ýöne ol gije hiç zat tutup bilmediler.
4Ertir ir bilen Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler.
5Isa olara: «Eý balalar, iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler.
6Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyndan sallaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory salladylar, balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykaryp bilmediler.
7Şonda Isanyň gowy görýän şägirdi Petrusa: «Bu ― Reb!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna geýimini biline orap, (ol ýalaňaçdy) özüni köle oklady.
8Beýleki şägirtler bolsa balyk toruny çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler, olar kenardan uzak bolman, onuň iki ýüz arçyn çemesi ýakynyndadylar.
9Olar gury ýere çykanlarynda, kömür odunyň ýanyp durandygyny gördüler, közüň üstünde bolsa balyk bilen çörek bardy.
10Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi.
11Simun Petrus gaýyga münüp, ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.
12Isa olara: «Geliň, nahar ediniň» diýdi, ýöne şägirtleriň hiç biri Ondan «Sen kim?» diýip soramaga ýürek edip bilmedi, çünki Onuň Rebdigini olar bilýärdiler.
13Isa geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy-da şeýtdi.
14Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.
15Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýdi. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.
16Isa ikinji gezek ýene oňa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Ol-da Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi.
17Isa oňa üçünji gezek: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Petrus Onuň üçünji gezek «Meni söýýärsiňmi?» diýip soranyna gaýgylandy, Oňa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Goýunlarymy otlat.
18Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, halan ýeriňe gidýärdiň, emma garranyňda elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, halamaýan ýeriňe alyp gider».
19Ol muny Petrusa onuň nähili ölüm bilen Hudaýy hormatlajakdygyna yşarat edip aýtdy. Muny aýdandan soň, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.
20Petrus-da öwrülip, Isanyň gowy görýän şägirdiniň, ýagny agşam nahary wagtynda Isanyň döşüne ýaplanyp Oňa: «Ýa Reb, Saňa haýynlyk etjek kim?» diýeniň-de, yzlaryna düşüp gelýänini gördi.
21Petrus ony görüp, Isa: «Ýa Reb, bu näme bolar?» diýdi.
22Isa oňa: «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýdi.
23Şeýlelikde, doganlar arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa oňa «Ölmez» diýmän, diňe «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.
24Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şägirt şoldur. Biz onuň şaýatlygynyň hakdygyny bilýäris.
25Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür. Olar birin-birin ýazylsa, onda ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin. Omyn!