Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Hepdäniň ilkinji güni, entek garaňkyka, Magdalaly Merem irden mazara baranda, daşyň mazardan aýrylandygyny gördi.
2Ol derrew ylgap, Simun Petrusa we Isanyň gowy görýän beýleki şägirdiniň ýanyna bardy-da, olara: «Rebbi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi.
3Petrus bilen beýleki şägirt derrew çykyp, mazara tarap gitdiler.
4Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy.
5Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepen matalaryň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi.
6Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, kepeniň ýerde ýatanyny, ýöne Isanyň başyna oralan ýaglygyň kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde saralgy ýatanyny gördi.
8Soňra mazara ondan öň baran şägirt hem mazaryň içine girdi-de, ony görüp iman etdi.
9Çünki olar Isanyň direljekdigi hakdaky Mukaddes Ýazga henize çenli düşünmändiler.
10Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar.
11Merem bolsa mazaryň ýanynda aglamaga durdy. Ol aglap durka, eglip mazaryň içine seredende, iki sany ak eşikli perişdä onuň gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy.
13Olar oňa: «Eý naçar, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýdiler. Ol-da olara: «Rebbimi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.
14Muny aýdansoň, yzyna seredende, ol Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady.
15Isa oňa: «Eý naçar, sen näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý aga, mazardan Ony sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi.
16Isa oňa: «Merem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp, iwritçe: «Rebbuni!» diýdi. Bu «Mugallym» diýmekdir.
17Isa oňa: «Maňa galtaşma, çünki Men entek Atamyň ýanyna çykamok, ýöne doganlarymyň ýanyna bar-da, olara Meniň Atamyň we siziň Ataňyzyň, Meniň Hudaýymyň we siziň Hudaýyňyzyň ýanyna çykyp barýanymy aýt» diýdi.
18Magdalaly Merem baryp, Rebbi görendigini, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
19Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ýehudylardan gorkularyna gapylary gulplap, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olaryň ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýip, olara ýüzlendi.
20Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar.
21Isa olara ýene: «Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin» diýdi.
22Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy alyň.
23Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez» diýdi.
24Onkileriň biri bolan Ekiz diýilýän Tomas Isa gelen mahaly olaryň ýanynda däldi.
25Beýleki şägirtler oňa: «Rebbi gördük» diýdiler. Ýöne ol: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüne elimi degirmesem, asla ynanmaryn» diýdi.
26Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýdekäler, Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa gelip, olaryň ortasynda durdy-da: «Size parahatlyk!» diýdi.
27Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerimi gör, eliňi uzat-da, böwrüme degir, imansyz bolma, imanly bol» diýdi.
28Tomas Oňa: «Rebbim, Hudaýym!» diýdi.
29Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Meni görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi.
30Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi.
31Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.