Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
42 verses
1Soňra Pilatus Isany ýençmekligi buýurdy.
2Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don geýdirdiler.
3Ýanyna baryp: «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar.
4Pilatus ýene daşaryk çykyp, olara: «Onda hiç bir ýazyk tapmanlygymy bilmegiňiz üçin, ine, Ony siziň ýanyňyza getirýärin» diýdi.
5Isa başy tikenden täçli, gyrmyzy donly daşaryk çykdy. Pilatus olara: «Ine, ol Adam!» diýdi.
6Baş ruhanylar we nökerler Isany görüp: «Haça çüýläň, haça çüýläň!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň, çünki men Onda hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.
7Ýehudylar oňa şeýle jogap berdiler: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, çünki Ol Özüne Hudaýyň Ogly diýýär».
8Bu sözleri eşiden Pilatus has-da gorkdy.
9Ol ýene hökümet köşgüne girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi.
10Pilatus Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmeýärsiňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bilýärsiňmi?» diýdi.
11Isa oňa şeýle jogap berdi: «Saňa ýokardan berilmedik bolsa, Maňa hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin-de, Meni seniň eliňe bereniň günäsi has-da uludyr».
12Şondan beýläk Pilatus Isany boşatmaga synanyşdy, ýöne ýehudylar gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen kaýsaryň dosty dälsiň, kim-de kim özüni patyşa etse, ol kaýsara garşydyr» diýdiler.
13Pilatus bu sözleri eşidende, Isany daşaryk çykaryp, Daşly Meýdançada, iwritçe Gabbata diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy.
14Pesah baýramyna taýýarlyk güni günortana golaý Pilatus ýehudylara: «Ine, patyşaňyz!» diýdi.
15Olar: «Ýok et, ýok et, Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýdi. Baş ruhanylar: «Biziň kaýsardan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.
16Onsoň Pilatus haça çüýlemek üçin Isany olaryň ygtyýaryna berdi. Olar Isany alyp gitdiler.
17Isa Öz haçyny göterip, Kelleçanak ― iwritçe Golgota diýilýän ýere çykdy.
18Ol ýerde Ony we Onuň ýanynda ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri Onuň bu tarapynda, beýlekisi ol tarapyndady, Isa bolsa ortadady.
19Pilatus bir tagtanyň ýüzüne: «NASYRALY ISA, ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazdy-da, haçdan asdy.
20Ýehudylaryň köpüsi bu ýazgyny okadylar, çünki Isanyň haça çüýlenen ýeri şähere ýakyndy. Bu ýazgy iwritçe, grekçe we latynça ýazylypdy.
21Ýehudylaryň baş ruhanylary Pilatusa: «„Ýehudylaryň patyşasy" diýip ýazma-da, „Bu Adam: Men ýehudylaryň patyşasydyryn diýdi" diýip ýaz» diýdiler.
22Pilatus olara: «Ýazjagymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berdi.
23Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini alyp, her esger üçin bir paý edip dört böldüler. Ýene bir köýnek bardy. Bu köýnek tikilgi däl-de, tutuşlygyna dokalgydy.
24«Egin-eşigimi özara paýlaşdylar, eşigim üçin bije atdylar» diýen Ýazgy berjaý bolar ýaly, esgerler: «Muny ýyrtman, bije atyşalyň, kime düşse, şonuňky» diýişdiler. Şeýle hem etdiler.
25Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi we ejesiniň aýal dogany, Kleopasyň aýaly Merem we magdalaly Merem durdy.
26Isa ejesini, onuň ýanynda Özüniň gowy görýän şägirdiniň duranyny görüp, ejesine: «Eý hatyn, ine, seniň ogluň» diýdi.
27Onsoň şägirde: «Ine, seniň ejeň» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
28Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.
29Şol ýerde sirkeden doly bir gap durdy. Esgerler bir gubkany sirkä batyrdylar-da, naýza dakyp, Onuň agzyna tutdular.
30Isa sirkäni dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi-de, başyny egip jan berdi.
31Sabadyň öň ýanyndaky taýýarlyk güni bolansoň, jesetler Sabat güni haçda galmasyn diýip, (çünki Sabat güni möhüm gündi) ýehudylar Pilatusdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler.
32Şeýlelik bilen, esgerler baryp, birinjiniň we onuň bilen bile haça çüýlenen beýlekiniň injiklerini döwdüler.
33Ýöne Isanyň ýanyna gelip, eýýäm ölendigini görenlerinde, olar Onuň injiklerini döwmediler.
34Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şol bada-da gan we suw çogduryldy.
35Gören şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siz iman eder ýaly, özüniň dogry aýdýanyny bilýändir.
36Çünki bu iş «Onuň hiç bir süňki döwülmez» diýen Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin boldy.
37Başga bir Ýazgyda bolsa «Bedenini dilen Adamlaryna serederler» diýilýär.
38Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýehudylardan gorkup, muny ýaşyrýan arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan aýyrmaga Pilatusdan rugsat sorady. Pilatus muňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan aýyrdy.
39Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodimos-da ýüz gadaga golaý garyşyk mür we sarysabyr ýagyny alyp geldi.
40Olar Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň jaýlama adaty boýunça, Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar.
41Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag we bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy.
42Ýehudylaryň Sabada taýýarlyk güni bolany üçin Isany şol ýerde goýdular, çünki mazar ýakyndy.