Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
60 verses
1Baş ruhany: «Bu zatlar şeýlemidir?» diýip sorady.
2Stefanus şeýle diýdi: «Eý doganlar, atalar! Gulak asyň, şöhratly Hudaý biziň atamyz Ybraýyma Haranda oturmazyndan öň, Mesopotamiýadaka aýan boldy.
3Oňa: „Ýurduňdan, kowum-garyndaşyň ýanyndan çyk-da, Meniň saňa görkezjek ýurduma git" diýdi.
4Şeýlelikde, ol keldanylar ýurdundan çykyp, Haranda oturdy; atasy ölenden soň bolsa Hudaý ony siziň häzirki oturýan ýurduňyza göçürdi.
5Hudaý bu ýerden oňa aýak basarlyk-da miras bermedi, ýöne heniz perzendi ýokka, bu ýurdy mülk hökmünde Ybraýyma, ondan soň hem zürýadyna bermegi wada etdi.
6Hudaý şeýle diýdi: „Seniň zürýadyň bir ýat ýurtda dört ýüz ýyllap mysapyrlyk çeker, olary gul edip gysarlar".
7Hudaý: „Men olary gul eden milleti höküm ederin. Onsoň olar çykyp, şu ýerde maňa gulluk ederler" diýdi.
8Hudaý Ybraýyma sünnet ähtini berdi. Şeýlelikde, ondan Yshak önende, sekizinji güni ony sünnetledi. Yshakdan bolsa Ýakup, Ýakupdan-da on iki uly ata öndi.
9Uly atalar Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satdylar; ýöne Hudaý onuň bilendi.
10Ol Ýusuby ähli muşakgatlaryndan halas etdi, Fyrownyň ― Müsür patyşasynyň huzurynda oňa mähir, akyldarlyk berdi. Fyrown ony Müsüriň we tutuş köşgüň häkimi edip goýdy.
11Ine, bütin Müsür we Kengan ýurduna açlyk hem uly muşakgat indi. Atalarymyz hem iýmit tapmadylar.
12Ýakup Müsürde galla barlygyny eşidip, atalarymyzy ilkinji gezek ol ýere ýollady.
13Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, Ýusubyň asly fyrowna belli boldy.
14Ýusup adam ýollap, atasy Ýakuby, ýetmiş bäş adamdan ybarat bolan bütin garyndaşlaryny çagyrdy.
15Şeýlelikde, Ýakup Müsüre gitdi. Ýakupdyr atalarymyz şol ýerde wepat boldular.
16Olary Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamor ogullaryndan pul berip satyn alan mazarynda jaýladylar.
17Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi.
18Şeýlelikde, Ýusuby tanamaýan başga bir patyşa tagta çykdy.
19Bu urugymyza hilegärlik etdi, atalarymyzy gysyp başlady, çagalaryny diri galmaz ýaly, daşary taşlamaga mejbur etdi.
20Şol wagt Musa eneden doguldy. Hudaý ony eý görýärdi. Musa üç aý atasynyň öýünde eklendi.
21Ýöne daşary taşlanandan soň, fyrownyň gyzy ony alyp, özüne ogul edindi, ekledi.
22Musa müsürlileriň ähli bilimlerinden sapak berildi, ol sözlerinde, işlerinde güýçlüdi.
23Kyrk ýaşyna ýetenden soň, Musa doganlaryny, Ysraýyl ogullaryny sorap-idemegi ýüregine düwdi.
24Biriniň adalatsyzlyga sezewar edilenini görüp, oňa arka çykdy, ýaňky müsürlini öldürip, ezileniň aryny aldy.
25Musa Hudaýyň öz eli bilen gutulyş berýänligine doganlary düşüner öýdýärdi, ýöne olar muňa düşünmediler.
26Ertesi gün iki adam dawalaşyp durka, Musa ýanlarynda peýda bolup, olary ýaraşdyrmaga synanyp: „Eý adamlar, siz dogan ahyryn, nämä biri-biriňize adalatsyzlyk edýärsiňiz?" diýdi.
27Öz ýakynyna adalatsyzlyk edýän adam ony itekläp şeýle diýdi: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?
28Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimisiň?"
29Musa bu sözi eşidenden gaçyp, Midiýan ýurdunda mysapyrlyk çekdi. Şol ýerde ondan iki ogul öndi.
30Kyrk ýyl dolanda, Sina dagynyň töweregindäki çölde lowlap duran bir çalynyň ýalnynda oňa Rebbiň bir perişdesi göründi.
31Musa bu görnüşi görende geňirgendi. Ol siňe seretjek bolup, ýakynlaşanda, Rebbiň sesi eşidildi:
32„Men seniň atalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn". Ine, şonda Musa titräp başlady, seretmäge ýürek etmedi.
33Reb oňa şeýle diýdi: „Aýaklaryňdan çarygy çykar, çünki üstünde duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr.
34Men halkymyň Müsürde horlanýanyny gördüm, olaryň nalasyny eşitdim, olary halas etmek üçin aşak indim. Indi, gel, men seni Müsüre iberjek".
35Hudaý olaryň: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?" diýip inkär eden bu Musasyny oňa çalyda görnen perişdäniň üsti bilen başlyk we halasgär edip ýollady.
36Musa Müsür ýurdunda, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap gudratlar hem alamatlar görkezip, olary daşary çykardy.
37Ysraýyl ogullaryna: „Reb Hudaýyňyz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar, oňa gulak asyň" diýen Musadyr.
38Sina dagynda özi bilen gepleşen perişde we atalarymyz bilen çölde toplanan ýygnakda bolan, bize bermek üçin diri sözler alan hem şoldur.
39Atalarymyz oňa boýun bolman, ony ret edip, ýüreklerini Müsüre tarap öwürdiler.
40Olar Haruna: „Bize öňümizden ýörär ýaly taňrylar ýasap ber, çünki bizi Müsür ýurdundan çykaran Musa näme bolanyny bilmeýäris" diýdiler.
41Şol günlerde bir göle ýasadylar, bu buta gurbanlyk berip, öz elleriniň işlerine guwandylar.
42Şeýlelikde, Hudaý dönüp, olary Gök goşunyna gulluk etmäge berdi. Ine, pygamberler kitabynda şeýle ýazylgydyr: „Eý, Ysraýyl öýi! Siz kyrk ýyllap çölde maňa gurbanlyklar, sowgatlar berdiňizmi?
43Siz Molokuň çadyryny, taňryňyz Refanyň ýyldyzyny we sežde etmek üçin ýasan suratlaryňyzy göterdiňiz. Men sizi Babylyň aňyrsyna göçürerin".
44Atalarymyzyň çölde mukaddes çadyry bardy. Musa muny özi bilen Gepleşeniň buýruşy ýaly, gören suraty boýunça ýasapdy.
45Muny atalarymyz nobatma-nobat göterip, Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň atalarymyzyň öňünden kowup çykaran başga milletleriniň ýurduna getirdiler; ol Dawudyň günlerine çenli şol ýerde galdy.
46Dawut Hudaýyň mährini gazanansoň, Ýakubyň Hudaýyna bir mesgen salmaga rugsat diledi.
47Muňa garamazdan, Hudaýa öý salan Süleýman boldy.
48Ýöne hemmelerden beýik Bolan ynsan eli bilen salnan jaýlarda ýaşamaz. Ine, pygamber şeýle diýýär:
49„Gök ― Meniň tagtym, Ýer aýaklarymyň basgançagydyr. Siz Maňa nähili öý saljak?" Reb şeýle diýýär: „Ýa-da haýsy ýer Meniň dynçlyk mekanym bolar?
50Bularyň baryny Öz elim ýaratmadymy?"
51Eý boýnuýogynlar, ýürek we gulaklary sünnetsizler! Siz Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Atalaryňyzyň edişi ýaly, siz-de şeýle edýärsiňiz.
52Pygamberleriň haýsysyna atalaryňyz azar bermedi? Olar ol Adylyň geljegini öňünden yglan edenleri öldürdiler. Siz-de, ine, Oňa hyýanat etdiňiz, Ony öldürdiňiz,
53eý, Mukaddes Kanuny perişdeleriň tertipleşdirişi ýaly alyp-da, ony tutmadyklar!»
54Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefanusa dişlerini gyjadylar.
55Mukaddes Ruh bilen doly bolan Stefanus Göge seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany görüp:
56«Men Gögüň açykdygyny, Ynsan Oglunyň Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin» diýdi.
57Şonda olar batly gygyryşyp, gulaklaryny tutuşyp, hemmesi birden Stefanusyň üstüne topuldylar.
58Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Güwäler öz geýimlerini Saul atly bir ýaş ýigidiň öňünde goýdular.
59Olar Stefanusy daşlap durkalar, ol Rebbi çagyryp: «Ýa Reb, Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.
60Onsoň dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýazma!» diýdi. Muny aýdandan soň bolsa ol jan berdi.