Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Stefanusyň öldürilmegini Saul hem unady. Şol gün Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahuda, Samariýa ýurtlaryna dagadylar.
2Emma Stefanusy Hudaýdan gorkýan adamlar jaýlap, oňa uly ýas tutdular.
3Munuň tersine, Saul öýden-öýe girip, ýygnaga ezet berýärdi, erkekdir aýallary süýräp zyndana salýardy.
4Dagan imanlylar bolsa aýlanyp, Hudaýyň sözüni yglan edýärdiler.
5Filipus-da Samariýanyň bir şäherine gelip, olara Mesihi wagyz etdi.
6Halaýyk Filipusa gulak asdy, onuň eden alamatlaryny eşidip, görüp, aýdanlaryny bir adam ýaly diňlediler.
7Çünki murdar ruhly adamlaryň köpüsinden ol ruhlar gaty gygyryşyp çykýardylar, ençeme ysmaz hem otura şypa tapýardy.
8Şeýlelikde, şäherde uly şatlyk döredi.
9Ozal bu şäherde jadygöýlük bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran, özüni uly adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy.
10Oňa uly-kiçi hemmeler üns berip: «Hudaýyň uly gudraty, ine, şudur» diýýärdiler.
11Oňa üns bererdiler, çünki ol öz jadygöýlügi bilen ep-esli wagt olary haýran galdyrypdy.
12Ýöne Hudaýyň Patyşalygy, Isa Mesihiň ady baradaky Hoş Habary wagyz eden Filipusa ynananlarynda hem erkekler, hem aýallar çokundyryldylar.
13Simunyň özi-de iman etdi, çokundyrylandan soň bolsa Filipusyň ýanyndan aýrylmady. Ol uly alamatlaryň, gudratlaryň ýüze çykyşyny görüp haýran galýardy.
14Resullar samariýalylaryň Hudaýyň sözüni kabul edenini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýahýany olaryň ýanyna ýolladylar.
15Bular hem baryp, Mukaddes Ruhy alsynlar diýip, olar üçin doga etdiler.
16Sebäbi Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen çokundyrylypdy.
17Şonda resullar ellerini olaryň üstünde goýanlarynda, olar hem Mukaddes Ruhy aldylar.
18Simun resullaryň elleriniň goýulmagy bilen, Mukaddes Ruhuň berlenini görende, olara pul getirip, şeýle diýdi:
19«Elimi üstünde goýan adamym Mukaddes Ruhy alar ýaly, maňa-da bu ygtyýary beriň».
20Ýöne Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile heläk bolsun! Çünki sen Hudaýyň sylagyny pul bilen satyn alaryn öýtdüň.
21Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiň Hudaýyň öňünde dogry däl.
22Indi, bu ýaman päliňden gaýt-da, Rebbe ýalbar, belki, Ol seniň bu pikiriňi bagyşlar.
23Men seniň ajy ötden doludygyňy we erbetlik bilen baglydygyňy görýärin».
24Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.
25Olar Rebbiň sözüne güwä geçip, ony aýdanlaryndan soň, Iýerusalime tarap gaýdyp, Samariýanyň ençeme obasynda Hoş Habary wagyz etdiler.
26Rebbiň bir perişdesi Filipusa: «Tur, günorta bakan Iýerusalimden Gaza gidýän ýola rowana bol, ol çoladyr» diýdi.
27Ol hem turup, ýola rowana boldy. Gidip barýarka, Hebeşistanyň aýal patyşasy Kandakynyň wezirleriniň biri, onuň gaznaçysy bolan bir agta duşdy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,
28indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy.
29Ruh Filipusa: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.
30Filipus ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärsiňmi?» diýdi.
31Ol: «Biri ýol görkezmese, nähili düşüneýin?» diýdi. Onsoň araba münüp, ýanynda oturmagy Filipusdan haýyş etdi.
32Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri şudy: «Goýun kimin öldürilmäge äkidildi, gyrkymçysynyň öňünde sem bolan guzy ýaly agzyny açmaýar.
33Onuň kemsidilişinde adalat inkär edildi. Kim Onuň nesli hakynda gürrüň eder? Çünki Onuň ömür tanapy üzülendir».
34Wezir Filipusa ýüzlenip: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýdi.
35Filipus şu ýazgydan söze başlap, Isanyň Hoş Habaryny oňa wagyz etdi.
36Olar ýoldan barýarkalar, bir suwa geldiler. Wezir: «Ynha suw, meniň çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» diýdi.
37Filipus oňa: «Bütin ýüregiň bilen iman edýän bolsaň, muňa rugsatdyr» diýdi. Ol: «Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna iman edýärin» diýdi.
38Onsoň arabany saklatdy. Filipus bilen wezir bilelikde suwa girdiler; Filipus ony çokundyrdy.
39Olar suwdan çykanlarynda, weziriň üstüne Mukaddes Ruh indi, Rebbiň bir perişdesi bolsa Filipusy göterip äkitdi. Wezir ony soň görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.
40Filipus Azotosda peýda boldy. Ol Kaýsariýa çenli aýlanyp, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.