Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy.
2Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady.
3Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady.
4Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi.
5Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady.
6Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünç bilen gaplady.
7Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.
8Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.
9Besalel mukaddes çadyryň haýatyny gurdy. Haýatyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy.
10Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak bejerdi. Olary tutuş bürünçden ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi.
11Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady.
12Haýatyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany aýak ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi.
13Haýatyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy.
14Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç aýagy bardy.
15Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç aýagy bardy.
16Haýatyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi.
17Sütünler üçin aýaklar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýatyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi.
18Haýatyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýatyň tutulary ýalydy.
19Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany aýagy bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi.
20Mukaddes çadyryň we onuň haýatynyň ähli gazyklary bürünçdendi.
21Ynha, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.
22Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady.
23Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergärdi we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
24Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
25Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
26Ilat sanawyna alnan her bir adama, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly adamlardan başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.
27Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir ýarym batman kümüş ulanyldy.
28Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin bir batman ulandy.
29Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman boldy.
30Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin aýaklar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny,
31şeýle hem, haýatyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýatyň ähli gazyklaryny ýasady.