Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
43 verses
1Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.
2Besalel efoty altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi.
3Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular.
4Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany egin bagyny ýasap, ony hem berkitdiler.
5Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efotyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.
6Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar.
7Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efotyň egin bagyna dakdy.
8Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efotyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi.
9Gursakçany iki gat edip, inini boýnuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi.
10Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
11ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz;
12üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;
13dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy.
14Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.
15Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy.
16Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi.
17Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi.
18Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efotyň öň tarapyndaky egin baglaryna berkitdi.
19Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efotyň iç gatyna dakdy.
20Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efotyň öň tarapyndaky egin bagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efotyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi.
21Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efotyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efotyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.
22Besalel efotyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi.
23Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady.
24Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy.
25Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş aşaky etegine dakdy.
26Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş aşaky etegine dakyldy.
27Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler
28Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler.
29Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.
30Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne Rebbe bagyş edilen diýen sözleri oýup ýazdy.
31Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy.
32Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.
33Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, taýaklary sütünleri we aýaklary;
34goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty;
35Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy,
36hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi;
37yşyk üçin sap şemdan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;
38altyndan tütetgi sypasy, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja;
39bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni;
40haýatyň perdeleri, sütünleri we aýaklary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar.
41Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi.
42Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler.
43Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirlendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.