Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Eý, akmak galatýalylar! Hakykata boýun bolmaz ýaly, sizi kim jadylady? Isa Mesih haça çüýlenen hökmünde gözüňiziň öňünde suratlandyrylmadymy?
2Men sizden diňe şuny biljek bolýaryn: siz Mukaddes Ruhy Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen aldyňyzmy ýa-da eşidenleriňize iman etmek bilen?
3Siz beýle akmakmysyňyz? Ruh bilen başlap-da, indi adam güýji bilen soňlajak bolýarsyňyzmy?
4Siz beýle görgüleri biderek ýere gördüňizmi? Dogrudan-da biderekmidi?
5Size Ruhy beren, araňyzda gudratlar görkezen muny kanun işlerini berjaý edeniňiz üçin, eşidenleriňize iman edeniňiz üçin edýärmi?
6Meselem, «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy».
7Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Ybraýymyň çyn ogullary iman getirenlerdir.
8Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp, Ybraýyma: «Bütin milletlere sen arkaly bereket iner» diýip öňünden buşlady.
9Şeýle, iman edenler iman eden Ybraýym bilen bilelikde bereket taparlar.
10Kanun işlerine umyt baglaýanlaryň ählisi gargyş astyndadyr, çünki: «Kanun kitabynda ýazylgy zatlary yzygiderli berjaý etmeýän adam lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
11Hudaýyň öňünde bolsa hiç kimiň kanun bilen aklanmaýanlygy aýdyňdyr, çünki «dogry adam iman bilen ýaşar».
12Emma kanun imandan däl, eýsem, «kim bu zatlary berjaý etse, olar arkaly ýaşar».
13Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly,
14Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi. Çünki: «Dar agaçdan asylan kişi lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
15Doganlar, adamlaryň oýlanyşyna görä aýdýaryn, hiç kim tassyklanan bir ähti, adamyňky hem bolsa, güýçden düşürip bilmez ýa oňa bir zat goşup bilmez.
16Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, «nesillere» däl, eýsem, birine wada berip, «seniň nesliňe» diýýär. Bu-da Mesihdir.
17Meniň aýtjak bolýanym şu: dört ýüz otuz ýyl soňra gelen Mukaddes Kanun Hudaýyň öňden Mesihe tassyklan ähtini güýçden düşürip, berlen wadany ortadan aýyrmaz.
18Çünki miras kanuna bagly bolsa, onda wada bagly däldir. Emma Hudaý mirasy beren wadasy bilen Ybraýyma berdi.
19Onda Kanun nämä gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçä, perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jenaýatlar sebäpli ähte goşuldy.
20Araçy diňe bir tarapa degişli däldir, Hudaý bolsa birdir.
21Kanun Hudaýyň beren wadalaryna garşymydyr? Ýok! Çünki ýaşaýyş bermegi başarýan bir kanun berlen bolsa, onda, dogrudan-da, dogrulyk kanuna bagly bolardy.
22Emma Isa Mesihe bolan iman arkaly berlen wada iman getirenlere bolar ýaly, Mukaddes Ýazgy bütin dünýäni günäniň ýesiri etdi.
23Biz bu iman gelmezden öň kanun astynda saklanyp, geljekki iman aýan bolýança, ýesir edilipdik.
24Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy.
25Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris.
26Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz.
27Sebäbi Mesihe çokundyrylanlaryňyzyň bary Mesihi geýindi.
28Ýehudy, grek, gul, azat, erkek ýa aýal ýok, siziň baryňyz Mesih Isada birsiňiz.
29Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz.