Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Emma şuny aýdaýyn: mirasçy hemmäniň agasy hem bolsa, ýaşka guldan parhy ýokdur.
2Ol atasynyň bellän wagtyna çenli, hossarlarynyň, wekilleriniň gol astynda bolýandyr.
3Biz hem, şonuň ýaly, çagakak dünýäniň ýöntem ýörelgeleriniň guludyk.
4Ýöne wagty dolanda, biz ogulluk hakyny alar ýaly,
5Mukaddes Kanun astyndakylary azatlyga ýetirsin diýip, Hudaý kanun astynda aýaldan doglan Ogluny ýollady.
6Ogullardygyňyz üçin hem Hudaý Öz Oglunyň, «Abba, Ata!» diýip seslenýän Ruhuny siziň ýüregiňize gönderdi.
7Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň, onda Isa Mesih arkaly Hudaýyň hem mirasçysysyň.
8Ýöne welin, ozal Hudaýy tanamaýarkaňyz öz tebigatlary boýunça Hudaý dällere gulluk etdiňiz.
9Indi bolsa Hudaýy tanap, has hem Hudaý tarapyndan tanalyp-da, nähili bu ejiz, dereksiz ýörelgelere ýüzlenýärsiňiz? Bulara täzeden gulluk etjek bolýarsyňyzmy?
10Aýratyn günler, aýlar, pasyllar we ýyllar belleýärsiňiz.
11Men siz hakda biderek ýere zähmet çeken bolaýmaýyn diýip, siziň üçin gorkýaryn.
12Eý doganlar, size ýalbarýaryn, meniň ýaly boluň. Çünki men hem siziň ýaly boldum, siz maňa hiç bir erbetlik etmediňiz.
13Hoş Habary size ilkinji gezek ten ejizligi sebäpli wagyz edenimi bilýänsiňiz.
14Siz tendäki synagymy äsgermezlik etmän, ýigrenji görmän, meni Hudaýyň bir perişdesi ýaly, Mesih Isa ýaly kabul etdiňiz.
15Indi siziň şol bagtyýarlygyňyza näme boldy? Çünki men siziň üçin güwä geçýärin: eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa bererdiňiz.
16Şeýlelikde, gepiň dogrusyny aýtmak bilen, men siziň duşmanyňyz boldummy?
17Ol adamlar size ýagşy niýet bilen yhlas etmän, eýsem, siz özlerine yhlas eder ýaly, bizden aýyrjak bolýarlar.
18Niýet ýagşy bolsa, diňe meniň ýanyňyzda bolan wagtym däl-de, hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr.
19Balalarym, Mesih sizde şekillenýänçä, men siziň üçin ýene dogurma agyrysyny çekýärin.
20Şu wagt ýanyňyzda bolup, sesimi bir gataldyp bilsedim! Çünki size näme etjegimi bilmeýärin.
21Kanun astynda bolmak isleýän siz maňa aýdyň: kanuna gulak asmaýarsyňyzmy?
22Çünki: «Ybraýymyň biri gyrnakdan, ýene biri azat aýalyndan bolan iki ogly bardy» diýip ýazylgydyr.
23Gyrnakdan bolan ogul tene görä, azat aýaldan bolan ogul hem berlen wada görä doglupdy.
24Bu ýerde bir meňzetme bardyr. Sebäbi bu aýallar iki ähtdir: biri Sina dagyndan bolup, gulluk üçin ogul dogran Hajardyr.
25Hajar Arabystanda bolan Sina dagydyr, häzirki Iýerusalime meňzeşdir, çünki ol ogullary bilen gulçulyk edýär.
26Ýöne ýokarky Iýerusalim azatdyr, hemmämiziň enemiz oldur.
27Sebäbi: «Şatlan, eý önelgesiz aýal, dogurma agyrysyny bilmeýän, batly seslen, gygyr! Çünki taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyňkydan köpdür» diýip ýazylgydyr.
28Doganlar, biz hem Yshak ýaly berlen wadanyň perzentleridiris.
29Şol wagt tene görä doglan Ruha görä doglana nähili azar beren bolsa, şu wagt hem şeýle.
30Emma Mukaddes Ýazgy, gör, näme diýýär: «Gyrnagy hem onuň ogluny taşla, çünki gyrnagyň ogly azat aýalyň ogly bilen bile miras almaz».
31Eý doganlar, biz gyrnagyň däl-de, azat aýalyň oglanlarydyrys.