Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.
2Ine, men Pawlus size diýýärin, sünnetlenseňiz, Mesihiň size hiç bir peýdasy degmez.
3Men ýene-de sünnetlenen her bir adamyň Mukaddes Kanuny bütinleý berjaý etmäge borçludygyna güwä geçýärin.
4Kanun bilen aklanjak bolýan siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.
5Çünki biz aklanma umydyna iman bilen Ruh arkaly garaşýarys.
6Çünki Mesih Isada sünnetli ýa sünnetsiz bolmak hiç bir zady başarýan däldir, diňe söýgi bilen işleýän iman ähmiýetlidir.
7Siz oňat ylgaýardyňyz, hakykata bagly galmagyňyza kim päsgel berdi?
8Nähili aldawa düşdüňiz? Bu sizi çagyran Hudaý tarapyndan bolan däldir.
9Bir bölek hamyrmaýa bütin hamyry turşadýandyr.
10Başga hili oýlanmajagyňyza meniň Rebde ynamym bar. Akylyňyzy çaşyran kim bolsa bolsun, jezasyny çeker.
11Eý doganlar, men heniz hem sünnetliligi wagyz edýän bolsam, onda näme häzir-de kowalanýaryn? Beýle bolsa, haç böwedi aradan aýrylardy!
12Sizi biynjalyk edenler özlerini agta etsin!
13Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň.
14Çünki bütin kanun şu ýeke sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý!»
15Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň.
16Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz.
17Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr.
18Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz.
19Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk,
20butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar,
21içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn.
22Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
23ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.
24Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir.
25Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň.
26Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň.