Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret.
2Birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý ediň.
3Çünki bir adam hiçkä özüni bir zatdyr öýtse, öz-özüni aldaýandyr.
4Her kişi öz işini derňesin. Onsoň onuň başga biri hakda däl-de, özi hakda magtanjy bolar.
5Sebäbi her kim öz ýüküni özi götermelidir.
6Hudaýyň sözüni öwrenen öwreden bilen ähli ýagşylyklary paýlaşsyn.
7Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar.
8Çünki öz günäli teninde ekin eken tenden çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar.
9Ýagşylyk etmekden ýadamalyň, çünki gowşamasak, wagtynda orarys.
10Şeýlelikde, wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içersine ýagşylyk edeliň.
11Ine, men öz elim bilen size nähili uly harplar bilen ýazýaryn!
12Tende gowy görnesi gelýänler diňe Mesihiň haçy üçin azar görmez ýaly, sizi sünnetlenmäge mejbur edýändir.
13Çünki sünnetlileriň özi-de kanuny berjaý etmän, eýsem, siziň teniňiz bilen magtanmak üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler.
14Men hiç haçan Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga bir zat bilen magtanmaryn. Ol haç arkaly dünýä maňa haça çüýlenendir, men hem dünýä haça çüýlenendirin.
15Çünki Mesih Isada sünnetlilik ýa sünnetsizlik möhüm däl, diňe täzeden ýaradylyş möhümdir.
16Bu kada uýanlaryň baryna, Hudaýyň Ysraýylyna parahatlyk we rehim bolsun!
17Mundan beýläk hiç kim maňa zähmet bermesin! Çünki men Reb Isanyň ýaralarynyň yzlaryny tenimde göterýärin.
18Eý doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn.