Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki mukaddeslere, Mesih Isa imany bolanlara salam!
2Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
3Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun!
4Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin, dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady.
5Söýgüli Oglunda bize beren şöhratly merhemetiniň öwgüsi üçin,
6bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi.
7Onuň bütin akyldarlyk we düşünje bilen üstümize bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda,
8biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris.
9Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy.
10Bu taslama görä, wagty dolanda, Hudaý Gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer.
11Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip,
12Mesihe öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly, Onda saýlandyk.
13Siz hem hakykat sözüni, gutulyşyňyzyň Hoş Habaryny eşidip, Oňa iman getireniňizde, wada edilen Mukaddes Ruh bilen Onda möhürlendiňiz.
14Hudaýyň şöhratynyň öwgüsi üçin Oňa degişli bolanlar gutulýança, Ruh biziň mirasymyzyň girewidir.
15Munuň üçin, Reb Isa bolan imanyňyzy, ähli mukaddeslere bolan söýgüňizi eşidelim bäri,
16siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi dogalarymda ýatlaýaryn.
17Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin diýip doga edýärin.
18Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny,
19biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga edýärin.
20Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir.
21Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir.
22Hudaý bar zady Onuň aýaklary astyna tabyn edip, Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi.
23Ýygnak Onuň tenidir, her zady her taýdan dolduranyň dolulygydyr.