Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz.
3Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň, akylyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba sezewar bolan adamlardyk.
4Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin,
5ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Onuň merhemeti bilen gutuldyňyz.
6Hudaý Mesih Isada bize bolan mähribanlygyndaky merhemetiniň çäksiz baýlygyny geljek döwürlerde görkezmek üçin,
7Mesih Isada bizi Onuň bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtdy.
8Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr.
9Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir.
10Çünki biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris.
11Şonuň üçin bir wagtlar özge milletlerden dogan, tende adam eli bilen emele gelen sünnetlilik bilen sünnetli diýip atlandyrylanlar tarapyndan sünnetsiz diýlen siz,
12şol wagtlar Mesihsiz, Ysraýyla raýatlykdan mahrum, wadanyň ähtlerine ýat, umytsyz, dünýäde Hudaýsyz bolandygyňyzy ýada salyň.
13Bir wagtlar Hudaýdan daş bolan siz indi Mesih Isada, Mesihiň gany saýasynda Oňa ýakyn bolduňyz.
14Çünki Ol biziň parahatlygymyzdyr. Ol iki tarapy birleşdirip, aradaky diwary, duşmançylygy Öz teni bilen ýykdy.
15Tabşyryklardan ybarat buýruklar kanunyny ýatyrdy. Ol muny Özünde ikisinden bir täze adam ýaradyp, parahatlygy berkarar etmek,
16duşmançylygy haçda öldürip, haç arkaly bir tende ikisini Hudaý bilen ýaraşdyrmak üçin etdi.
17Mesih gelip, daşdaky size hem ýakyndakylara parahatlygy yglan etdi.
18Çünki biziň ikimiziň bir Ruhda Ol arkaly Atanyň huzuryna çykara ýolumyz açykdyr.
19Şeýlelikde, siz indi ýat, mysapyr däl-de, mukaddesleriň watandaşy bolup, Hudaýyň maşgalasyna degişlisiňiz.
20Isa Mesihiň Özi burç daşy bolup, siz resullaryň, pygamberleriň düýp-teýkarynda bina edildiňiz.
21Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär.
22Siz hem Ruhda Hudaýyň mesgeni bolmak üçin, bilelikde Mesihde bina edilýärsiňiz.