Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Şu sebäpli, siz özge milletler ugrunda Mesih Isanyň bendisi bolan men Pawlus siziň üçin doga edýärin.
2Hudaýyň siziň üçin maňa beren merhemetiniň wekilliginden siziň habaryňyz bardyr.
3Ozal hem size gysgaça ýazyşym ýaly, Mesihiň syry maňa ylham arkaly aýan boldy.
4Bu haty okanyňyzda, meniň bu syra düşünýänligimi aňarsyňyz.
5Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle:
6özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir.
7Men Hudaýyň güýjüniň işleýşi boýunça özüme berlen merhemetiniň sylagy saýasynda şol Hoş Habaryň gullukçysy boldum.
8Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etme,
9bar zatlary Isa Mesih arkaly ýaradan Hudaýdaky ezelden gizlin syryň nähili düzgünleşdirilişini ähli adamlara aýdyňlaşdyrma merhemeti ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi bolan maňa berildi.
10Bu ― Hudaýyň köp taraply akyldarlygy, Onuň başlangyçdan Rebbimiz Isa Mesihde edinen maksadyna görä,
11imanlylar ýygnagy arkaly asmandaky älemde bolan hökümdarlara, ygtyýarlara bildiriljek bolup edildi.
12Biz Mesihe bolan imanymyz arkaly Ondan gaýrat alyp, Hudaýa ýakynlaşmaga ynamlydyrys.
13Şonuň üçin siziň ugruňyzda görýän muşakgatlarym zerarly ruhdan düşmäň diýip, sizden haýyş edýärin. Meniň muşakgatlarym size şöhrat gazandyrar.
14Şoňa görä-de, Ýerde-Gökde her maşgalanyň adyny Özünden alan Rebbimiz Isa Mesihiň Atasynyň öňünde dyza çöküp,
16Mesih iman arkaly ýürekleriňizde ýaşar ýaly,
17Ol şöhratynyň baýlygyna görä, Öz Ruhy arkaly sizi içki häsiýetiňizde gudrat bilen güýçlendirsin diýip dileg edýärin.
18Şeýlelikde, Hudaýyň bütin dolulygy bilen dolar ýaly, söýgüde kök urup, düýp tutup, hemme mukaddesler bilen bilelikde Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna düşünmegi,
19bilimden ýokary çykan bu söýgini tanamagy başarmagyňyz üçin dileg edýärin.
20Bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan has ýokary zatlary etmegi başarýan Hudaýa,
21imanlylar ýygnagynda, Mesih Isada bütin nesillerden nesillere ebedilik şöhrat bolsun! Omyn.