Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Şeýlelikde, Reb ugrunda bendi bolan men sizden çagyrylyşyňyza mynasyp gezmegi haýyş edýärin.
2Pes göwünlilik, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen birek-birege sabyr-takatly boluň.
3Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň.
4Çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir,
5Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir.
6Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy hem Atasy birdir.
7Biziň her birimize Mesihiň sylagynyň ölçegine görä merhemet berildi.
8Munuň üçin: «Belentlige çykyp, tussaglary yzyna tirkedi. Adamlara sylaglar berdi» diýilýär.
9Ine, bu «çykdy» sözi, Mesih öňürti aşak, ýer ýüzüne indi diýmek däl-mi, näme?
10Inen-de, ähli zady doldurmak üçin bütin Gögüň depesine çykan-da birdir.
11Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk,
12mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin,
13Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi.
14Ol muny biz mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar bolman,
15eýsem hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmegimiz üçin etdi.
16Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar.
17Munuň üçin men muny aýdyp, Rebbiň adyndan size duýduryş berýärin: mundan beýläk, özge milletleriň gezişi ýaly, olaryň boş pikirlerine eýerip gezmäň.
18Olar ýürekleriniň gatylygy zerarly, içlerindäki nadanlyk üçin Hudaýyň ýaşaýşyna ýat boldular, aň-düşünjeleri garaňkyrady.
19Bütin duýgularyny ýitirip, açgözlük bilen her hili hapa işi ýerine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler.
20Emma siz Mesihi beýle öwrenen dälsiňiz.
21Siz, elbetde, Isa hakda eşidensiňiz, Ondaky hakykat boýunça Onuň ýolunda tälim alansyňyz.
22Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň.
23Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň.
24Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň.
25Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.
26Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn.
27Iblise ýol bermäň.
28Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän, gaýtam, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin.
29Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň.
30Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz.
31Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun.
32Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.